Gülýän wagty ýokarky dodagy aşaky dodagyna degip dursa, bu adam durmuşda hemmäniň dykkat merkezinde bolmagy isleýändir.
Gülýän wagty agzyny eli bilen ýapyp durýan bolsalar, onda öz güýjüne ynanmaýan, çetde durmagy dogry hasaplaýan adamlardyr.
Kellesini arka taşlap gülýänler ynanjaň, sada, köplenç kalbyna gulak asyp iş edýän adamlardyr.
Güleninde bir eli bilen kellesini tutýanlar, hyýalbent adamlaryň hataryna girýärler. Olaryň arzuw edýän zatlary köplenç şol arzuwlygyna galýandyr. Sebäbi olar dünýäde duşmaýan, diňe hyýallarda gabat gelýän zatlary arzuw edýärler.
Güleninde burnuny üýtgedýän (ýokara edýän ýalyrak) ol ýa bu zada garaýyşyny tiz-tiz üýtgedýän, diňe öz diýenini edýän kejir adamlardyr. Olar köplenç töweregindäkiler bilen keýpine görä gürleşýärler.
Agzyny açyp, hah-hah edip gatydan gülýänler, özüne ynamy belent, söbetdeşlikde özünden başganyň diňlenilmesini islemeýän adamlar toparyna degişlidir.
Güleninde kellesini çala aşak garadyp ýuwaş gülüp goýýanlar açyk göwünli, her dürli ýagdaýa tiz öwrenişýän adamlardyr.
Her gezek dürli gülýän adamlar, ilki bilen öz pikirini üstün goýup iş tutýan adamlardyr.
Adamyň gülüşine seredip onuň häsiýetini bilmek mümkin.
-
Hercai
3 years ago
- hiç gülmän ýylgyryp geçyänler nähili bolýa ?
-
Hazar99
3 years ago
- Gulende nazarhan yaly aglayan smaylik bilen gulyan petuhlaryn hasyeti nahili bolyar aydyp bersene
-
Jeksparro
3 years ago
- .....6
-
Hazar99
3 years ago
- ......19
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- Yylgyrmak hem gulmege degisli dalmi @Hercai
Gurbanaly 3 years ago- 👍👍👍