Adam ölende näme üçin çüýreýär, buz näme üçin ereýär, ýada döwülen ýumurtgany näme üçin yzyna getirip bolanok diýen sorag gördüm ýakynda. Bularyň hemmesiniň jogaby fizikanyň bir kanunynda ýazgyly. Termodinamikanyň 2. kanuny, ýada entropiýa.
Bir sistema, bu adam/buz/ýumurtga we islendik zat bolup biler, egerde daşky gurşawdan energiýa almasa dargamak bilen bolýar. Düzgünsizlige tarap hereket edýär. Sebäbi dügünsizlik ýeňil emma belli bir düzgüni saklamak üçin dowamly goşmaça energiýa harç etmek gerek. Adam çüýreýär sebäbi daşardan iýmit şeklinde energiýa gelmeýär, buz ereýär sebäbi daşardan gelen energiýa gutaryp (sowuk hawa) öz tebigy halyna gelýär, ýagny düzgünsizlige az energiýa gerek. Ýumurtagada şeýle, ýumurtgaň togalak galmasy üçin towuk kän energiýa sarp edýär emma ýaýraň ýagdaýda bolmasy üçin az energiýa gerek.
Entropiýa: düzgünsizlik
Termodinamika: ýylylygň herekedi, sowuk gyzgynyň herekedi
Goşmaça info: bu kanuna gorä adamyn uzak, müňýyllar ýaşamagyna fizika garşy däl ýöne biologiýa garşy bolýar. Hasam takygy genetika. Genlerimizde ýazylan kod öýjükleriň çäkli sanda täzelenmegine rugsat berýär. Egerde şol kody üýtgedip bilsek adam ýaşyna "çäk" bolmaz.

Bilim, .Leyla tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir