Hekaýa Matrisa filmine esaslanyp ýazyldy. Okamazdan ozal maslahat: Matrisa filmi Şeýtan näletsiňen tarapyndan inçelik bilen adamy azdyrmak maksatly surata alnandyr. Şol sebäpden bu hekaýany hem bir şeýtany diýe düşünip, okamagy maslahat berýän!!!
I bölüm
Ýazgyt
Günlerde bir gün Ahmet atly biri haýsydyr bir internet saýtynda ,,Ýazgyt ýok" diýip blog açdy. Ol bloga diýseň negatiw pikirli teswirler galdyryldy. Ýöne bir teswiri Trinity atly agza galdyrypdyr. ,,Ýazgyt bar, ýöne oňa garşy göreşibem bolýar, Ak towşanyň yzyndan galma" diýip ýazylgydy onyň teswirinde.
Soň bolsa onuň emeiline Morfeus atly ulanyjydan hat gelipdi. ,,Men saňa ýazgydyň nämedigni düşündirerin, Ak towşanyň yzyndan git! Seni Trinity garşy alar!"
Ahmet kompýuterini öçürdi. Birden gapy kakyldy. Gapyny açsa dostlary bar eken.
- Ahmet, ýör işiňi goý, diskoteka gideli.
- Ýok, gidipbilmen.
Dosty jübüsinden telefony çykardy. Telefonynyň arkasynda ak towşanyň şekili bardy.
- Bolýar men gidýän- diýdi Ahmet.
Diskoteka gelende, bir gyz ony ýanyna çagyrdy. Ikisi tans etdiler.
- Salam Ahmet.
- Salam, meniň adymy nädip bilýäň?
- Men Trinity. Saňa Morfeus emeiliňe hat ýazandyr.
- Okadym.
- Bu telefony al. Saňa Morfeusyň özi jaň eder- diýdide Trinity çykyp gitdi.
Ahmet telefony alyp öýüne geldi. Otagyna geçip, ýatdy.
Ertesi ir bilen işine geldi. Iş ýerine gelende başlygy jenap Umyt, ony ýanyna çagyrdy.
-Ahmet seniň internet saýtlarynda goýan ,,Ýazgyt ýok" atly makalaňy okadym. Sen makalaňda ýazgydyň ýokdygyny saýlawyň bardygyny belläpsiň. Emma sen beýle makalalar paýlaşmadygyň gowy. Ynha bu şertnama, sen ökde programmistsiň, saňa teklibim bar. Men seniň deep web-däki gizlin saýtlardan ýazgyt, saýlaw we şoňa meňzeş zatlary okanyňyda bilýän. Sen bize hyzmat et we gaýdyp beýle makalalary saýtlarda goýma.
-Eger men ýok diýsem?!
Jenap Umyt barmagny şyrkyldatdy. Şol bada Ahmediň agzy ýapylyp, tep-tekiz boldy. Ol gürläp bilenokdy. Jenap Umyt onyň telefonyny alyp, bir programma geçirdi.
-Men, seniň telefonyňa programma geçirdim. Bu programma arkaly seni yzarlap duraryn - diýdi we Ahmediň kellesine bir goýdy.
Ahmet öýünde gözüni açdy. Jenap Umyt bilen bolup geçen wakalary düýşüdir öýtdi. Telefonyna jaň geldi.
-Tizräk daşara çyk saňa Morfeus garaşýar. Men Trinity.
-Häzir çykýan ine.
Ahmet daşara çydy. Daşarda ulagda Trinity garaşyp duran eken. Trinity ýaragyny Ahmediň maňlaýyna diräp, ,,Ulaga mün" diýdi. Ahmet hiç-hili garşylyk görkezmän ulaga mündi. Trinity ulagy otlady we sürdi. Yzlaryndan başga bir ulag kowup gelýärdi.
Trinity gaza basyp: ,,Bu perişdeler ýene yzymyzy bildi" diýdi.
- Perişdeler. Olar kimler?
- Saňa barsyny Morfeus gürrüň berer.
- Hany telefonyňy ber!
Ahmet telefonyny Trinitä berdi. Trinity telefonyň içini dörjeläp: ,,Jenap Umyt, ýagny Mikaýyl perişdämiz, telefonyňa yzarlaýjy programma ýükläpdir. Men ony pozdum" - diýdi.
- Alkakmyş diýmek bu düýşüm däl eken. Jenap Umyt Mikaýyl perişde?!
- Baranymyzda bar zady Morfeus gürrüň berer.
Trinity perişdeleri yzda galdyryp, Ahmet bilen bir haraba ýere geldi.
Ol ýerde olara Morfius garaşýardy.
- Salam Ahmet.
- Salam Morfeus.
- Ýazgyt diýen zada ynanýaňmy?
- Ýok.
- Ýazgyt her ýerde. Hakyky dünýäniň öňüne päsgel berip duran perde ýaly. Men seni perdäň aňyrsyna, Ak towşanyň hininiň çuňluklaryna, Hakyky dünýä äkiderin. Saňa aýtjaklarymyň we görkezjeklerimiň barsy hakykatdyr.
Morfeus iki elini uzatdy. Bir elinde gök bir elinde gyzyl kapsula bardy.
- Eger gök kapsulany saýlasaň, erteki tamam bolar. Sen ukudan oýanarsyň we biziň bilen bolup geçen wakalary ýatdan çykararsyň. Eger-de gyzyl kapsulany saýlasaň, hakyky dünýäni görkezerin.
Ahmet gyzyl kapsulany saýlady. Morfeus Ahmediň kellesine birzatlar geýdirdi we ony kompýutere çatdy. Ahmet ýumurtganyň içinde oýandy. Endam janyna sim sokulandy. Ol simleri bedeninden sogurdy. Ýumurtgany daşyndan döwdüler. Daşarda Morfeus we Trinity bardy.
-Ahmet hakyky dünýä hoş geldiň. Ynha bu meniň ,,Nebukadnasser" aty gämim. Men onuň kapitany. Ýör içeri.
Ahmet gämä mündi. Gämi ýeriň 12 müň km aşagyna düşdi.
- Ahmet seret bu ýeriň astyndaky gizlin Sion şäheri. Bu ýerde müňlerçe Ýazgydyndan azat bolan ilat ýaşaýar.
Morfeus Ahmede şäher we onuň ilaty barada gürrüň berdi. Soň ahmedi bir myhmanhana getirdi.
Şäherde Ahmet barada dürli gep-gürrüňker ýaýrady. Ahmet otaga geçip iki sagat ýaly dynç aldy. Soň onuň ýanyna Morfeus geldi.
- Morfeus, aýt ýazgyt näme?
- Ýazgyt entek döredilmänkä Lucifer atly bir perişde bardy. Ol adamzada köp ýagşylyk etdi. Hudaý adamzada köp zady gadagan edipdi. Lucifer bolsa bize gadagançylygy bozmalydygymyzy öwretdi. Hudaý ony näletläp öldürdi. Ol ölmänkä adamzada: ,,Häli meniň dowamçym geler! Ol tutuş adamzady halas eder!" Diýipdi. Biz şondan bäri şol halasgäre garaşýarys. Indi garaşmaga hajat ýok diýip oýlaýan. Şuny bilip goý ,,Ýazgyt" henizem bar eken, adamzat hiç wagt azat bolmajak. Sen hakykaty bilmeli.
- Nähili hakykaty.
- Seniň bir guldygyň hakykatyny. Ýazgyt bu adam beýnisiniň türmesidir. Ol adamzady kontrola almak üçin Hudaý tarapyndan döredilendir. Ol hemmämizi muňa öwürjek bolýar- diýip bir batereýkany görkezdi.
- Biz adamlar Lucifer bilen birlikde Hudaýa we perişdelerine boýun synmadyk. Olara garşy çykdyk. Sen häzir 2021-nji ýyl diýip oýlaýansyň. Anygy belli däl. Ilkinji urgyny kimiň bereni belli däl. Ýöne biziň ýalňyşymyz, biz günüň öňüni tutsak perişdeler energiýa alyp bilmez öýdüpdik. Ýalňyşdyk. Hudaý ,,Ýazgyt" diýen bir ýalan älemi döretdi we adamzady oňa zyňdy. Adamzat indi ,,Ýazgytda" Hudaýa gul bolup işläp, perişdelerine we özüne energiýa hökmünde ulanýar. Jennet diýen zat ýok, ,,Dowzah" bardyr. Ähli adamlar Ýazgytda ölensoň dowzaha düşer we ýanyp, energiýa bolarlar.
Dowamy bar....

Edebiýat, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir