OGUZ TÜRKMENLERINIŇ BEÝIK HUN DÖWLETI


◾Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň
döremegi we Duman Beýigiň döwletiň çäklerini
giňeltmegi.
Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti gadymy ata-babalarymyzyň döreden jahanşalyklarynyň biridir. Taryhy maglumatlara görä, Hun döwleti b. e. öňki III asyryň ahyrky çärýeginden b. e. I asyrynyň birinji çärýegine çenli has-da kuwwatlanypdyr. Duman Beýigiň hökümdarlyk eden döwründe hunlaryň ýerleri goňşy taýpalaryň hasabyna ep-esli giňäpdir. Duman Beýigiň iki ogly bolupdyr. Onuň hökümdarlyk eden döwründe uly ogly Mete han goňşuçylykda ýaşaýan Yuweýjileriň döwletiniň köşgünde ýaşapdyr. Şazadalaryň we ýokary emeldarlaryň çagalarynyň keseki döwletleriň köşgünde saklanmagy şol döwletiň belli bir derejede beýleki döwlete tabynlygyny aňladypdyr. Şeýle-de, geçmişde dünýä tejribesinde köp ulanylan bu syýasat şazadalaryň berlen ýurdunyň garşysyna uruş hereketleriniň alnyp barylmazlygy üçin edilipdir.
Şazada Metäniň ýuweýjileriň köşgünde bolýan wagty iki goňşy döwletiň arasynda oňşuksyzlyk ýüze çykyp, Duman Beýik Yuweýjileriň döwletiniň üstüne ýöriş edipdir. Bu waka Mete şazadanyň janyna uly howp salypdyr. Yöne oňa ýuweýjilerden gaçmaklyk başardypdyr. Duman Beýik oglunyň edermenligine guwanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Şondan soň Mete han öz nökerlerine harby tälim berip başlapdyr. Mete han «şuwlap» ses çykarýan oklary ýasadypdyr. Kakasy Duman Beýik ölenden soň Mete han b. e. öňki 209-njy ýylda tagta çykyp, özüni «Şanýuý» - «Beýikleriň beýigi» diýip yglan edipdir.
Mete hanyň dolandyran döwründe (b. e. öňki 209-174 ý.) döwletiň gülläp ösmegi.
Mete hanyň döwründe Hun döwleti güýçlenip, düzümine ownukly-irili 26 döwlet girizilipdir. Mete han merkezleşdirilen döwleti döretmek, merkezi häkimiýeti berkitmek maksady bilen, döwletiň dolandyryş ulgamynda özgerişleri geçiripdir. Mete han bütin ýurdy 84 welaýata bölüpdir. Olaryň başynda öz diýen adamlaryny goýup, ägirt uly döwleti bir merkezden dolandyrypdyr. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan
tä Hindi ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibire çenli aralygy öz içine alypdyr. Hun döwletiniň kuwwatlanýan döwri Hytaýda raýatlyk urşy, ýagny özara uruşlar bolupdyr. B. e. öňki 202-nji ýylda
raýatlyk urşunda ýeňiş gazanan Lýu Ban Hytaýda Han imperiýasyny we nesilşalygyny esaslandyryp, imperator bolupdyr.
Han imperatory Gaoszunyň döwründe Hun döwleti bilen oňşuksyzlyk ýüze çykyp, bu uruş hereketleriniň başlanmagyna getiripdir. B. e. öňki 200-nji ýylyň gyşynda Mete han öz atly goşunyny dört topara bölüpdir we hytaý goşunlarynyň daşyny gabapdyr.
Diňe imperatoryň haýyşyndan soň, Mete han hytaý goşunlarynyň daşyndan gabawy aýrypdyr. Netije-de, Hun döwleti bilen Han
imperiýasynyň arasynda ýaraşyk barada ylalaşyk gazanylypdyr. Hunlarda döwletiň dolandyrylyşy we olaryň jemgyýetçilik gurluşy. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň kuwwatly uly döwlete öwrülmeginde Mete hanyň ägirt uly hyzmaty bardyr. Mete han tarapyndan döredilen döwlet dolandyryş ulgamy urug gatnaşyklaryny berkidipdir. Urug begzadalary ähli häkimiýeti öz ellerine almak bilen halk maslahatyny urug serdarlarynyň ýygnagy bilen çalşyrypdyrlar. Hun döwletinde urug serdarlarynyň we begzadalarynyň ýygnagy ýylda iki gezek yzygiderli geçirilipdir. Bu bolsa döwletde tertip-düzgüniň berjaý edilmegini üpjün edipdir. Şu düzgüne garşy gidýänlere bolsa berk çäre görlüpdir.
Hun döwletinde ähli wezipeler nesilden-nesle geçipdir. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletinde hökümdar we kazylykdan başga wezipeleriň ählisini diýen ýaly hökümdaryň neslinden bolan şazadalar eýeläpdirler.
Ähli begzadalaryň özleriniň şahsy nökerleri bolupdyr. Uly begzadalarda 10 müň nöker, kiçiräklerin- de bolsa birnäçe müňe çenli nöker bolupdyr. Hunlaryň döwletinde begzadalaryň 3 görnüşi: şazadalar, gullukçy we tire-taýpa
begzadalary bolupdyr. Hunlar öz ýurdunda hiç haçan gulçulyga sezewar edilmändir. Gullar, esasan, ýesir düşen kese ýerlilerden bolupdyr. Olary hojalyk işlerinde ulanypdyrlar. Olaryň
gulçulyk ýagdaýy beýleki ýurtlardaky gullardan ýeňil bolupdyr. Hun döwletiniň bütin taryhynda gul söwdasy hem bolmandyr.
Dini ynançlary. Adat we döwlet kanunlary. Oguzlarda bütewi döwletiň dörändigine taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Oguzlar bir taňra uýupdyrlar, olaryň ynanjy gök (asman) bolupdyr, taňry diýip bolsa göge düşünipdirler.
Emma şol döwürlerde ösen döwletlerde, ýagny gadymy Müsürde, Wawilonda, Assiriýada, Hytaýda, Hindistanda
ýaşan halklar köp hudaýlylyga uýupdyrlar. Hunlaryň döwründe oguz türkmenleriniň özboluşly kanunlary bolupdyr. Hytaýly taryhçylaryň ýazmagyna görä, «Olaryň kanunlary ýeňil we ulanmak üçin amatly» bolupdyr. Agyr jenaýatlar edilende ölüm jezasy berlipdir. Oguz türkmenlerinde ogurlyk iň bir ýigrenilýän jenaýat hasaplanypdyr. Şonuň üçin ogry diňe bir öz emläginden däl, eýsem maşgalasyndan hem jyda düşürilipdir. Mete hanyň döwründe hunlarda döwlet kanunlary hem işläpdir. Harby düzgün-nyzamy bozanlara, gulluk etmekden boýun gaçyrýanlara ölüm jezasy berlipdir. Bu kanunlar Mete hanyň goşunyň döremegine we Hun döwletiniň Aziýada iň kuwwatly döwlete öwrülmegine getiripdir. Mete hanyň döwleti dolandyran döwründe halk döwlete salgyt tölemändir. Sebäbi erkin adam salgyt tölemeklige öz erkinligine şikes ýetirýän hadysa hökmünde garapdyr. Hun döwletinde salgytlar diňe tabyn edilen taýpalardan we halklardan ýygnalypdyr.
◾Döwletiň harby ýagdaýy.
Mete hanyň geçiren özgertmeleri Hun döwletiniň kemala gelmegine, berkemegine ýardam edipdir. Yönekeý hun söweşijileriniň esger bolmagy ony ähli kynçylyklardan halas edipdir, erkin adam bolup galmagyny kepillendiripdir. Parahatçylyk döwri ýönekeý esger öz mallaryny bakypdyr. Hytaýly taryhçylar hunlarda esgerler «şadyýan ýaşaýarlar» diýip belläpdirler. Şol sebäpden
hem araçäkde gul- luk edýän hytaýlylar häli-şindi erkinlikde ýaşaýan hunlaryň arasyna gaçyp gidipdirler. Mete hanyň goşunynyň umumy sany hytaý taryhçysy Syma Sýanyň (b. e. öňki 145-90 ý.) ýazmagyna görä, 300 müňe
ýetipdir. Bu bolsa hunlaryň şol döwür- däki umumy sanynyň 1,5 mln töweregi bolandygyna güwä geçýär. Hunlaryň goşunynyň esasyny atlylar düzüpdir. Esasy ýaraglary bolsa
ýaý bolupdyr. Hun goşunynyň esasy söweş tilsimi garşydaşyny tapdan düşürmek bolupdyr. Gabawdan, açlykdan halys tapdan düşürilen duşman esgerleri ýaraglaryny taşlap, boýun bolmaga mejbur bolupdyrlar. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň taryhyny ýazan alymlar «Hunlary kowmak ýeňil, ýeňmek kyn, derbi-dagyn etmek bolsa asla mümkin däl» diýip ýazypdyrlar. Döwletiň goňşy halklar bilen gatnaşyklary. Mete han edenli hökümdar, başarjaň serkerde bolsa-da goňşy döwletler, esasan hem, Hytaý döwleti bilen döwründe güýçli parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmaga çalşypdyr. Şeýle syýasatyň netijesinde halklaryň arasynda söwda we medeni gatnaşyklar ösüpdir. Gündogar bilen Günbataryň arasynda «Beýik Yüpek ýoly» diýlip atlandyrylan uly söwda ýoly açylypdyr. Şu ýoluň açylmagynda we soňra gülläp ösmeginde Mete hanyň hyzmaty uludyr. Sebäbi Hytaý bilen Günbatar ýurtlarynyň arasynda Mete han tarapyndan döredilen merkezleşdirilen asuda türkmen döwleti gülläp ösüpdir. Mete han b. e. öňki 174-nji ýylda aradan çykypdyr. Döwlet
dolandyryş ulgamynda, kanunlaryň berjaý edilmeginde onuň nesillerinden hiç kim Mete hanyň derejesine ýetip bilmändir.



Ogultäç GURBANOWA

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir