Ejeler, ejeler mährem ejeler!
Kemeltmäliň ajap, ajap ýazlary.
"Iki gün sowuljak tokga pul" diýip,
Bagtyndan kesmäýliň gözel gyzlary.
Galyňa ýazýaňyz kagyz üç metr
Geýiljek geýimden, gök çaýa çellim
Gelýän gudalaň gözleri çykýar.
Çaşýar ýöräp bilmän o jaýa çellim
Bu galyň belasy mundan-da beter
Ara daş bolsa-da gyz berilenok.
Nämemiş?!
Gyz berseler Lebapdan Mara
Dereksiz ýitýärmiş, soň görülenok.
Zamana serediň mährem ejeler
Ýoluňda otly ba, asmanda uçar.
Görjek diýseňizem hepde-de bir gün
Bu ýollar şol gyzyň üstünden geçer.
Daş ýollar galmady golaýda bary,
Inni Amerika salymda ýetýäs.
Oýlanyň ejeler çyndan oýlanyň,
Biz haýsy zamanaň gürrüňin etýäs.
Galyñam goýaýly ara daşlygam
Esasy bagt dälmi beýgelden bizi.
Birje gezem meňem aýdanymy diňläñ
Öz soýen ýaryna berin siz gyzy
Awtoryny bilemak.
Gyzyklyja diýip gündeligime bellän goşgymdan.
Atsyz goşgy.
-
Durmus_Myradow
3 years ago
- Bu goshgy atly :)
Awtor: KerimHally
Ady: Oz soyen yaryna berin siz gyzy
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Hm sag boluň.
Adyn bilmanson, atsyz gosgy diymeli boldum
soho 3 years ago- Myrat Molla bn oynayan Aynura_Angel atly, aslyyetinde gyzmy gelinmi bilmedim welin, shu goshgyny gaty kilcherip okayan widiosy bolmaly.