YNSANYŇ PÄK DUÝGULARY
◾Söýgi
Söýginiň asyl manysy pynhan, çuňňur ýürekden biriniň başga birine bolan duýgusydyr. Gadymy Hindistanda söýginiň gelip çykyşy üç çeşmeden ybarat diýlip bellenýär:
Ruhy küýseg dostlugy döredýär,
Akyla bolan küýseg sylagy döredýär,
Tene bolan küýseg islegi döredýär,
Üçüsi birleşip, söýgini döredýär.
Şeýlelikde, söýgi çylşyrymly akyl – emosional erk bilen bagly dinamiki sistema bolup, ol birnäçe üýtgäp durýan elementlerden düzülendir. Ýüzleý geçip gidýän duýgudan hakyky söýgi düýplüligi, bitewiligi, berkligi we çuňňur emosionallygy bilen tapawutlanýar. Söýginiň döremegi we ýitip gitmegi akyl-
paýhas, erk bilen baglanyşyklydyr. Robetr Heýnleniň aýtmagyna görä: «Söýgüde
bagtly bolmagyň üçin söýgüliň bagtly bolmagy zerurdyr». Söýgüde iki ýürek
birleşmelidir. Ý.Frommuň aýtmagyna görä: «Söýgüde iki ýürek birleşse-de, olar öz şahsy aýratynlygyny saklaýandyr». Sternbergiň söýgi triadasy:
1. Ýakynlaşmak – bu birek-birege emosional taýdan goldaw bermek, gaýgyny
we begenji paýlaşmak, açyk, çyn ýürekden sözleşip, bagtly bolmak, söýgini aýap
saklamakdyr.
2. Hyjuw.
3. Çözgüt. Bu iki hili bolýar:
a) Gysga wagtda oýlanyp, aňyrsynda uly jogapkärçilikli borjuň ýatandygyna göz ýetirip, netijä gelmek.
b) Uzak wagtlap oýlanyp, aňyrsynda uly jogapkärçilikli borjuň ýatandygyna
göz ýetirip, netijä gelmek.
Eýsem, söýgi näme? Ol haçan, nähili ýagdaýda döräpdir? Belkem, ol bary-
ýogy bedende emele gelen hoş höwes joşgunyny köşeşdirmekdir? Ýa-da bu bedende özboluşly himiki reaksiýanyň ýüze çykmasynyň netijesimikä, ýa-da bize näbelli başga bir zatmyka? Bu sowallar ýüzýyllyklaryň dowamynda adamlary, soňky wagtlarda bolsa aýratynam, edebiýatçylary, şahyrlary, dramaturglary, režissýorlary gyzyklandyryp gelýär. Şeýle-de bolsa, bu sowallara henize-bu güne çenli alymlar takyk jogap berip bilmeýärler. Olar bu meseläniň bir tarapyny – sähel salymda söýginiň adamy perwana edýändigini agzybirlik bilen ykrar edýärler.
Eýsem, näme üçin adamlar şeýle gysga pursatda belli bir karara gelýär?
Gürrüňdeşimizi ýa-da ilki duşan adamymyzy birden sulhumyz alýar, näme üçin
adamlaryň arasynda aýratyn biri gözüňe yssy görünýär? Ýa-da onuň hüý-häsiýeti,
kaddy-kamaty, özüni alyp barşy göwnümizden turýarmyka?
Biz ýolda-yzda, köçede, toý-tomaşada aýal-erkek diýmän, biri-birimize
seredişýäris. Munuň sebäbi näme? Sebäbi göreç adama görmek, seretmek üçin
berlipdir. Adam biri-birine seredende hökman aşyk bolmak üçin däl, garşydaşynyň
göze «gelýän» hem «gelmeýän» taraplaryny takyklamak üçin seredýär. Adam
hemmetaraplaýyn «göze gelýän» bolsa ol garşydaşynda höwes, hoşallyk
duýgusyny, ýagny položitel emosiýa emele getirýär. Amerikaly psihologlardan ikisi
– Karen Dion bilen Eýlin Berşid bu meseläni anyklamak üçin çagalar bagynda
terbiýelenýänlerden olaryň kimi gowy görýändigini, kim bilen oýnasynyň
gelýändigini sorap görüpdirler. Şonda sorag berlen çagajyklaryň aglabasy ýuwaşja,
sypaýyja geýnen, arassaja – hemmetaraplaýyn, «göze gelýänlere» barmajyklaryny
çommaldypdyrlar.
Biologlaryň käbiri bolsa bu meselä başgaça düşündiriş berýär. Olar söýgini
adamzat nesliniň dowam etmegi üçin tebigat tarapyndan berlen atykmaçlykdyr diýip düşündirýärler. Sebäbi, haýwanyňkydan tapawutlylykda adam çagasyna aýak «bitmek» (ýöremegi) üçin azyndan bir ýyla golaý wagt gerek. Nesil öndürmek, çaga ýetişdirmek üçin aýal bilen erkek adam goşulyşmaly, şonuň üçinem olar
söýüşýändirler, öýlenýändirler diýip düşündirýärler. Emma alymlardan käbiri bu
düşünjä garşy çykýar. Olar bizi ähli adamzat nesliniň önmegi, ösmegi däl-de, öz
şahsy neslimiz, şahsy genimiz gyzyklandyrýar diýen netijä gelýärler.
«Ilkinji söýgi, ilkinji ysnyşyk» diýen kitabyň awtory Keý-Uelling söýgi döwrüni üçe bölýär. Ol ilkinji döwri alasarmyk döwri hasaplaýar. «Munda söýen adamyň hyjuwy artýar, ýüregi gürsüldeýär, ol ganat baglana dönýär. Bu döwürde fiziki höwes juda güýçlenýär. Onuň soňunyň nähili gutarjakdygy hem belli däl»
diýip, awtor belleýär. Eger söýgi ýürekden bolsa, onda ol dowamly wagtdan soň
ikinji döwre geçýär. Eger söýşen juwanlar bir-birini öz ene-atasy, dost-ýary, dogan-
garyndaşy bilen tanyşdyryp başlasalar, olaryň durmuşda höwesi, garaýşy deň bolsa,
bu söýginiň üçünji döwrüniň alamatydyr. Il arasynda «Yşk odunyň ojagy garakdyr» diýen düşünje bar. Bu düşünjäniň
hakdygyna Keý Uellin hem güwä geçýär: «Ilkinji garaýyşda hakyky söýgi seýrek emele gelýän bolsa-da, söýgi diýen zat ilki bilen garaýyşdan başlanýar» diýip, awtor nygtaýar. Her hili ýagdaýda bolsa-da seretmegiň, garaýşyň uslyp tarapyndan kesgitlenilen öz belli möhleti bolýar. Mysal üçin: «Eger siz kimem bolsa birine bir
sekuntdan artyk göz gyýtaklasaňyz, onda «Sizde hyýalym bar!» diýdigiňizdir».
Şeýlelikde, iki nazar kaklyşýar, olar biri-birine gizlinlikde habar ýollaýarlar. Şeýle halatda «habarlaşýanlaryň» göreji giňeýär, bedeninde jümşüldi emele gelýär.
Aziýa, Afrika halklarynyň aglabasy söýginiň döwrüni däl-de, özüni üçe
bölüpdirler: ten söýgüsi, ýürek söýgüsi, ynsanparazlyk söýgüsi.
Ten söýgüsi – bu duýgy, durmuş kadalaryna, adam ykbalyna känbir ähmiýet bermeýän, diňe özüni bilýän adamlara mahsusdyr. Şeýle adam isle aýal maşgala bolsun, isle erkek kişi «söýýäniniň» içki dünýäsine, akylyna, adamkärçiligine däl-de, onuň beden gurluşyna, kaddy-kamatyna hyrydar göz bilen garaýar. Ten söýgüsi aşa bolan adam diňe bir zada – öz hyjuwyny köşeşdirmek maksadyna eýerýär, ony başga zat düýpden gyzyklandyrmaýar.
Ýürek söýgüsi – bu duýgy paýhasly, at-abraýly, etjegini-goýjagyny seljerýän, niýeti päk, ynsaby arassa adamlarda bolýar.
Ynsanparazlyk söýgüsi – duýgynyň bu görnüşi aýal bilen erkegiň, erkek bilen erkegiň, hatda kämillik döwrüni başdan geçirýän ulugyz bilen ýaşy durugşan adamlaryň arasynda-da döräp bilýär. Ynsanparazlyk söýgüsi iň päk, iň pähimli –
kirşensiz duýgudyr. Bu duýgy köplenç halatda erkek kişi bilen aýal adamynyň
seksual gatnaşygyny aradan aýyrýar. Şeýle adamlar biri-birini özüniň göwün kuwwaty, aram-karary, bu dünýäde durary, çölde ýodasy, ummanda saly hasaplaýar. Olaryň durmuşda özlerini alyp barşy bir eneden, bir atadan doglan ekizleriňkä çalym edýär. Eger syn eden bolsaňyz ekizler (aýratyn hem bir öýjükden
emele gelen ekizler) nirä gitseler hem, nirede bolsalar hem bileje ümmüldeşip ýörendirler.
Häsiýeti kybapdaş, göwni päk, asylly, arassa adamlaryň şeýle gatnaşygy är ömründe bir ýa-da iki ýola gabat gelýär. Ynsanparazlyk duýgusy köplenç erkek kişilerde güýçli bolýar. Sebäbi olarda rehimdarlyk, halasgärlik duýgusy agdyklyk edýär. Şeýle adamlar juda gowy görenini öz myrat-maksady, iň ýakyn adamsy,
durmuş baýdagy hasaplaýarlar.
Söýgini ýaşa görä-de, üç tapgyra bölýärler:
1. Platoniki söýgi – arassa söýgi, päk söýgi. 7-12 ýaş töweregindäki oglanjyklarda, gyzjagazlarda bir-birege bolan mähirli garaýyşlar döreýär. Olar biri-birini gündelik görmegi höwes edýärler. Mysal üçin, mekdepde bir gün biri-birini görmeseler, bir zady ýetmeýän ýaly daş-töweregine seredip, onuň ýoluna
garaýarlar.
2. Erotiki söýgi – bu 12-15 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň bir-biregiň
görküne, owadanlygyna maýyl bolmagy, käbir erotiki kinolarda görkezilýän pynhan gatnaşyklara, suratlara gyzyklanmasydyr. Bu döwür gyzyň ýa-da oglanyň
jynsy taýdan ýetişip başlaýan wagtydyr. Ýetginjekleriň daşky keşbi owadanlaşyp, durnuklaşyp başlaýar.
3. Seksual söýgi – 15-18 ýaşyndaky ýaşlaryň seksual gatnaşyga bolan höwesidir. Bu döwürde gyza hem oglana mahsus bolan daşky we içki aýratynlyklar doly ösüp ýetişýär. Jyns mäzleri işläp ugrap, libido (küýseg) barha artýar. Şol sebäpden düýşünde oglanlar-gyzlar bilen ýakynlaşýarlar we olarda polýusiýa (il
içinde aýdylyşy ýaly, «şeýtany» bolmak) bolup geçýär. Şu ýagdaý oglanyň
genetipiki konstitusiýasyna (nesilden geçiş gurbatyna, ukybyna) baglylykda güýçlülerde häli-şindi, gowşaklarda aýda-ýylda bolýar. Polýusiýa gyzlarda-da seýrek hem bolsa, duş gelýär.
Şu döwürde oglanlaryň köpüsi, gyzlaryň käbiri libido gün bermedik halatynda köşeşmek üçin masturbirleme bilen meşgullanýarlar. Masturbirleme öňden-ahyr bar
bolup, ynsan saglygy üçin zeleli ýokdur. Bu ýaşlaryň toý etmegi bilen öz-özünden
galýan zatdyr. Är-aýal hepdeläp-aýlap aýra düşende ýa-da ýalňyz galanda olar köplenç ýene masturbirlemä ýüz urýarlar.
Adaty adamlaryň söýgi heserini başdan geçirmedigi, onuň hupbatyny
çekmedigi ýok bolsa gerek. Halk arasynda henize-bu güne çenli dowam edip
gelýän rowaýatlar, atalar sözi hökmünde dilden-dile geçip gelen aňlatmalar
söýginiň gadym eýýamlardan bäri adamlaryň arasynda ýaşap gelendigine güwä
geçýär.
Söýgi öz kötel ýollarynda, uzak asyrlaryň dowamynda ýowuz günleri başdan
geçiripdir. Onuň halaýyk tarapyndan ykrar edilmegi üçin progressiw pikirli adamlar
– nusgawy şahyrlar, ýazyjylar, edebiýatyň dürli žanrlaryna degişli eserler döredipdirler. Ýöne ol eserleriň, köplenç dessanlaryň soňy pajygaly ýagdaýda – baş
gahrymanlaryň ikisiniňem özüni söýgä gurban etmegi bilen ýa-da juda köp
kynçylyklardan, horluklardan soň maksadyna ýetmegi bilen tamamlanýar. Dessan dilinde aýtsak, «hak aşyklara» köplenç bir gudrat, uly güýç (aslynda söýgi gudraty
– yşk odunyň alawy) kömege gelýär.
Söýgi barada zamananyň öňdebaryjy, pähimli adamlary öz gelen netijelerini
aýdyp geçipdirler:
Söýgi hökmürowany hem kösseksiz dyza çökerýär.
Gerbert.
Söýgi hem uruş ýalydyr: ony gorjamak aňsat, tutaşansoň welin, öçürmek kyn.
Menken.
Söýgi – gyzamyk ýalydyr: ol näçe giç gelse, şonça-da howpludyr.
Jerrold.
Yşk derdini kim salan bolsa, dermanam şonuň elindedir.
Publliý Sir.
Söýginiň bagt, abadan durmuş, agzybir maşgala, kemally, menikli nesil
öndürmäge uly ýol arçaýandygyny, kähalatda bolsa onuň söýşenleri güzaply güne
goýup, jowrandyrýandygyny, aýry-aýry halatlarda söýginiň, biziň şu günlerimizde-
de, şu ajaýyp durmuşymyzda-da «aşyk-magşugy» kyn günlere salýandygyny aýdyp geçsek ýerlikli bolar.
Emma durmuş zabun, onuň girdaby rehimsiz, ol diňe öz kada-kanuny esasynda hereket edýär. Ol şeýle näzenin, ajaýyp, başyňa täç edinäýmeli gyzlaryň
hem, il içinde aýdylyşy ýaly, gül ömrüni kül edýär. Munuň ilkinji sebäbi bolsa,
gyzlaryň sadalygyndan, aýratyn hem olaryň ynanjaňlygyndan ýa-da özüne erk edip
bilmeýänliginden, käbir ýigitleriň bigaýratlygyndan gelip çykýar. Gizlinlik, syr saklamak söýenden hem, söýlenden hem edilýän ilkinji talapdyr. Bu ýagdaý saklanylmadyk wagtynda, ilkinji nobatda, gyzyň aýagynyň astyndaky durmuş «basgançaklary» çagşap, kem-kemden opurylmaga başlaýar.
Muňa düşünýän, at-abraýa, ar-namysa, belent adam mertebesine uly hormat goýýan gyzlar özüne buýurmagy, erk etmegi başarýarlar. Şeýle gyzlar köplenç
göwni giden ýigidiniň daş sypatyna, onuň maşgalasynyň sosial ýagdaýyna az üns berip, ýigidiň içki dünýäsine – onuň ygrarlylygyna, lebzine, mertligine, ýokary adamkärçiligine, gujur-gaýratyna üns berip, ony öz ýanlaryndan öwrenmäge
başlaýarlar. Bu baradaky syry berk saklaýarlar, hiç kime syzgyn bermeýärler. Bu ýagdaý bardy-geldi oglanyň kemçiligini, ahlak derejesini, sabyr-takatyny halaman,
olaryň agzy alaryp, biri-birinden sowaşaýanda-da, gyzyň aýak basan ilkinji durmuş
«basgançagy» şol durşuna, mäkämligine galýar – il arasynda onuň ýamanlyk bilen ady tutulmaýar, abraýy kemsidilmeýär. Şeýle gyzlar ene-atanyň bütin hossarlarynyň, obanyň, uly iliň abraýydyr. Şeýle gyzlar «söwdasy» oňman, iki-üç
ýigit bilen duşuşanda-da durmuş «basgançaklarynyň» birinjisinden, ýagny ýigit bilen tanşyp görmek, onuň kimdigini, nähili adamdygyny takyklamakdan –
synlamakdan aňryk asla geçmeýärler. Eger ýigit nikadan öň suwjuklyk, gödeklik, ýeňillik etmäge hyýallanaýsa, gyz onuň bilen ikinji duşuşyga barmaýar – beýle
ýigitden daşlaşýar, ondan ýüz dönderýär.
Ýeri gelende bellemeli zat, ýaşlaryň her hili ýagdaýda-da, söýseň hem, söýülseň hem, ene-atany çagalarynyň geljekki ykbaly barada aladalanmak hukugyndan mahrum etmezlige çalyşmaly. Şahyr Aman Kekilow meşhur «Söýgi» romanynda:
Dostlarym söýgüdir durmuşyň täji,
Duşuşmak süýjüdir, aýrylmak ajy.
Gülsüz-ä tiken ýok, tikensiz gül ýok,
Gül yşgynda saýramadyk bilbil ýok.
- diýip ajaýyp setirleri ýazýar. Elbetde, söýgi diňe süýjülik däl, onda ajy günler-de,
agyr pursatlar-da bolup biler. Şonuň üçin söýgide sabyrly hem durnukly, päk hem
wepaly, parasatly bolmak gerek.
A. A. Nohurowlar ''Maşgala Psihologiýasy''
Aşgabat - 2011.
Ynsanyň päk duýgulary
-
Khanture
3 years ago
- Robetr Heýnleniň aýtmagyna görä: «Söýgüde
bagtly bolmagyň üçin söýgüliň bagtly bolmagy zerurdyr».
Brawooo
yashalym 3 years ago- mlds