Sözbaşyny ýörite şeýdip aldym. Sebäbi şahyryň ölümi barada henize deňiç anyk ýazylan maglumat ýok. Ýazylanlarynyňam öňi bulutly.
1975-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary geçirilmegi Türkmenistanda dowam etdirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Moskwadan we beýleki şäherlerden Aşgabada yzygiderli delegasiýa gelýärdi. Türkmenistan sowet sosialistik respublikasynyň dürli obalarynda, şäherlerinde we harby garnizonlarynda edebiýat duşuşyklary gurnalýardy.
1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda düzüminde Gurbannazar Ezizow, Nikolaý Starşinow, Wasiliý Şabanow we Ýuriý Rýabinin ýaly ägirtler bolan ýazyjylar toparynyň bir bölegi Türkmenbaşy (Krasnowodsk) şäheriniň golaýyndaky garnizonlaryň birine çykyş etmek üçin barýarlar. Edebiýat agşamynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen, harby bölümiň komandiri myhmanlara minnetdarlyk hökmünde, olary ýalpyldap duran ak «Wolga» ulagy bilen şähere çenli eltip gelmegi öz sürüjisine buýurýar. Ýol uzak we 8 sagatlap çölüň içinden gitmelidi. Şol sebäpli Nikolaý Starşinow bu teklipden boýun towlap, Aşgabada uçarly gitmegi saýlaýar. Beýleki 3 myhman komandiriň sylagyna hormatsyzlyk bolmasyn diýip, nämälim ajalyň üstünden eltjek ulaga münýärler.
Howa garalypdy. Ak «Wolga» Gazanjyk obasynyň deňinden geçip barýarka, duýdansyz ýagdaýda awtomat okuna tutulýar. Ertesi gün bir çopan tarapyndan awtoulagyň içinden 4 sany jeset tapylýar. Şolaryň biri heniz 35 ýaşynda halkyň ýüreginden orun alyp bilen şahyr – Gurbannazar Ezizowdy. Onuň bilen bilelikde Wasiliý Şabanow we Ýuriý Rýabinin hem aradan çykýar (4-nji jeset awtoulagyň sürüjisi Aleksandr Belýakewiçe degişli).
Bu bolan jenaýat yzarlanyp görülse, awtoulag bir gaçgak esger tarapyndan oka tutulypdyr. Esger gelýän ulagyň komandirine degişlidigini tanap, gorkujygyna bu hereketi edipdir. Ýöne bu ýalňyş hereketi esgeri maksadyna ýetirmändi. Jenaýatkäriň kimdigi, haýsy ýurtdandygy, haýsy milletdendigi hakynda takyk maglumat ýok. Sebäbi ol döwür GDA döwletleriniň ählisinden gelip, TSSR-de gulluk edip bilýärdiler.
Gurbannazaryň ömri gysga bolsa-da, köp zada ýetişipdi, ýöne adalatsyz, hiç hili bagyşlanmajak gülläniň pidasy bolupdy.


©Baky Amanýazow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir