Jemiläň mekdebiň gapysyndan ätlänine eýýäm, ýedi ýyl geçipdi. Ol synpynda göreldeli okuwçylaryň biridi. Jemile göwni alçak, owadanja, söze çeper gyzdy. Synpdaşlary we mugallymlary Jemiläni halaýadylar. Ýöne ol synpdaşy Ýusuby halaýady emma, muny iň ýakyn jorasy Jemalada aýtmady. Jemal hem owadanja, söze çeper gyzdy. Günler hepdeleri dolduryp, hepdeler aýlary, aýlar bolsa ýyllary dolduryp geçip drdy. Hä diýmäkäň iki ýyl geçip gitdi. Indi Jemile dokuzynjy synpda okaýadylar, iň soňkuja okuw ýyllarydy, iň soňky basganjaklardy. Ýöne Jemiläň ýüregi gussadan doludy, Ýusubyň özüne söýgi hatyny ýazaryna garaşýady ýöne welin ol hat hiç hili gelenokdy. Ol bir gün syrkawlap okuwdan bir hepde diýen ýaly galmaly boldy. Joralary Jemiläni sorap sagaman gowlaşýaňmy diýip öýlerine geldiler we şol wagt Aýgül, Ýusup hakda gep açdy:
- Agy eşitdiňmi Ýusubama bir gyzy halaýamyşyn, okuwyny gutaransoň ejesini şol gyzyň öýüne guda ugratjakmyş- diýip, Aýgül gözüni güldirip gürledi. Şol wagt Jemiläň ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Soňra bolsa olar iň soňky jaň dabarasy hakda, herkim etjek-goýjagyny aýdyp, Jemileleriň öýünden sagbollaşyp gaýtdylar. Jemile ertire çykaryna howlukdy, ýüregi gursagyna sygmajak bolup durdy, bu dyýgyny başdan geçirmeseň aýdyp boljak däldi. Ine irden geýinip Jemile okuwa gitdi, göwnüne bolmasa her kim oňa garşy seredip duran ýalydy. Synpyna girip ýerine geçip oturdy, soňra yzyndan Ýusup girdi-de Jemiläň ýanyna geçip oturdy
+Salam, Jemile gowmy ýagdaýlaň, sagaman gowlaşdyňmy?!
-Salam, gowyla, özüň hem gowmy?!
+Menem gowy. Neme Jemile meň saňa aýtjak zatlarym bardy-da eger wagtyň bar bolsa.
-Hä, aýdyber diňleýän- diýip Jemile ýere seretdi, ýüzi gyzarypdy we utanypdy. Ýusup hem nädip aýtjagyny bilmeýän tipde azsalym dymyp durdy, soňra
+Men synpdan birini halaýan, sözümem söz meň, maňa kömek edäýdä, Jemala habar aýdyp beräýdä, meň özüni halaýanlygym hakda, senem ýalňyş düşünme, näme üçin maňa habar ugratdyrýaka diýip- diýdi-de, Jemiläň ýüzüne seretdi. Edil şol wagt Jemiläň ýüzüne şarpyk çalynan ýaly boldy. Ol gyz düýnden bäri nämeler arzuw edipdi, ýaňyň özünde ýüregi döwim-döwim bolup, sanjyp gitdi. Gursagy dolupdy ýöne gözünden ýaşyny akdyryp aglamajak boldy, Ýusuba syr bildirmejek bolup, gaty agyr ýylgyrdy-da
-Bolýa Ýusup, synpa gelsin habaryňy gowşuraryn, iki synpdaşymyň bagtly bolanyny görmek nähili uly bagt - diýip, Ýusuba seretdi. Ýusup sagbolsun aýtdy-da öz ýerine geçip oturdy. Az wagtdan Jemal hem synpa geldi-de, Jemiläň ýanyna geçip oturdy we sapak başlady. Mugallym synpa gireninden soň okuwçylar ýerinden turup salam berdiler. Mugallym sapak düşündirip başlady ýöne Jemiläň kellesi doňan ýalydy, sapagy diňlemäge güýji ýetmedi. Synpdan çykyp aglasy gelýädi, şol wagt jaň kakyldy. Jemile Jemala seretdi-de
+Jemal, joram, saňa bir gowy habar aýdaýyn. Synpdaşymyz Ýusup seni halaýandygyny aýtdy, seňem göwniň bar bolsa, maňa aýt, men habaryňy ýetireýin, özi hem gowy oglana, ejesini hem ugratjakmyşyn. Iki synpdaşymyň toý edip, bagtlydygyny görmek, meň üçin uly bagt - diýip sözüni jemledi. Emma Jemal bu habary gowluk bilen garş almady. Ýusubyň ýanyna baryp, göwne degiji sözler diýdi. Jemal baý ýeriň ogluna barmagy arzuw edýädi, Ýusup gaty baý bolmasada maşgala ýagdaýy erbet däldi, günleri arkaýyn dolanyp, geçip durdy. Şol gün iki adamyň göwni ýykylyp, ýüregi bölünipdi. Şeýdip okuw gutardy. Oglanlar gulluga, kimi hem ýokary okuw jaýyna girdi, Ýusup hem nesibesi çekip ýokary okuw jaýyna giripdi. Jemal hem öz arzuwyna ýetdi. barly ýere durmuşa çykdy. Ýusup bu ýagdaýa gaty gynanýady, Jemile hem Ýusuba gynanýady emma, ol Ýusuba bolan duýgularyny hiç hili aýdyp bilmedi...
"Kim kime zar, kim kimden bizar"
Soňy.
Belki Jemile duýgularyny aýdan bolsa bu waka has başgaça bolup bilerdi. Iki synpdaş bagtly ýaşap bilerdiler ýöne nätjek, sen birini halaýakaň ol başga birini halaýa, muňada durmuş diýilýän bolsa gerek.
Bägül Baýramowa
"Aýdylmadyk duýgy"
-
Korolewa
3 years ago
- Salam joram. Poctana sereday
-
Xyivenia
3 years ago
- Jemal hem öz arzuwyna ýetdi. barly ýere durmuşa çykdy. Ýusup bu ýagdaýa gaty gynanýady, Jemal hem Ýusuba gynanýady emma, ol hiç hili Ýusuba bolan duýgularyny hiç hili aýdyp bilmedi...
Ikinji yazan Jemal adyn Jemile bolmaly dalmi?
-
Arzuwum
3 years ago
- düzetdim, üns berip okanyň üçin sagbol!
Syke Dali 3 years ago- ++++