Türkmen gazyny Hytaý Halk Respublikasyna akdyrjak gaz geçirijisi şu gün dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Türkmenistandan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrmagy göz öňünde tutýan gaz geçirijisiniň işläp başlamagynyň region üçin ykdysady hem-de syýasy taýdan öwrülişikli pursat boljagyna garaşylýar. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 1 800 kilometrden gowrak. Turbanyň 184,5 kilometri Türkmenistanyň, 530 kilometri Özbegistanyň we 1 300 kilometri Gazagystanyň üstünden geçýär. Hytaýyň giňişliginden geçýän bölegi bolsa 4 500 kilometrden ybarat. Munuň esasy ähmiýeti turbanyň Türkmenistan üçin Orsýetiň üstünden geçmeýän ilkinji uly eksport ýoly bolup durýanlygynda.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi işläp başlady
-
Murgapbala
15 years ago
- Tuweleme barde duyn gaty gyzykly yatdan cykmajak taryhy waka boldy 4 prezidenti aydym saz bilen garsy aldyk sonra gazyn cesmesini acylys dabarasy boldy mena gaty tolgundym
-
DoJiGat
15 years ago
- tuweleme yol bolsun ugruna bolsun...
-
Laplandiya
15 years ago
- Menem begendim,hasam bizin orslan usti bn daldi,goni oz ustumiz bn gechyanligine,eger europa da ors syz nebit gazy gechirip bilsek,hrydar, we uly osushlerimiz bolar,girdeji kopeler
-
DoJiGat
15 years ago
- bu waka gaty uly waka.geljegem uly gırdeyjılı tkm-a ucın.
sebabı ruslar on bızı gowyja...a ındı bız hytaya satyas yoldada gowja gırdeyjı bar.
buysanyan..zahmet cekenlerın hemmesının arzuwyna yetsın...
-
yaprak
15 years ago
- Laplandiya!
sagbol govy begendirji habar.Men sheyle begendim.:) :)
-
dereksiz
15 years ago
- hawa bu diysen begendiriji,europa da ozumuz gechirip bilsek haasam amatly bolardy
-
ganlygeneral
15 years ago
- entek hindistana da bar
Laplandiya 15 years ago
Doly güýjünde diňe üç ýyldan işläp başlar
Emma Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi doly güýjünde 2012-nji ýyldan işläp başlar. Bu barada hususan-da “Turkmenistan.ru” internet gazeti ýazdy.
Maglumatda şeýle-de bellenişine görä, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly akdyryljak gazyň esasy mukdary “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan işledilýän Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýataklaryndan üpjün ediler, galany ylalaşylan “Bagtyýarlyk” giňişliginden alnar.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işini üpjün edýän kompleksi emele getirýän senagat we infrastruktura obýektleriniň doly işe taýýardygy barada 10-njy dekabrda hökümet maslahatynda hasabat berildi.