MAŞGALA.

Rüstem on ýyl bäri restoranlarda aýdym aýdýardy. Onuň öýi terk edenine on ýyl bolypdy. Ine bir gün hem restorandan çykyp öz öýüne gidip barýarka ýolda zynahonlaryň bir gyza degsinip duranyny gördi. Ol bir bada muňa üns bermedi. Emma soň gyzy gabap tutjak boldylar welin gyz “Kömek ediň!” diýip gygyrdy. Rüstem hem durup bilmän zynahonlaryň ýanyna bardy. Rüstem olara gyzy göýbermegi teklip etdi. Olar diňlemedi. Soň bolsa Rüstem olaryň bir-ki sanysyny urdy we bir tüýsli edip gyzy hem alyp gaçyp gitdiler. Zynahonlar hem olary kowalaýardy. Rüstem bolsa bir oýüň gapdalynda ýanyndaky gyz bilen gizlenip durdy. Zynahonlar geçip gitdi. Soň Rüstem gyza boldy, gidiber indi diýip, gapdalynda gizlenen öýleriniň gapysyny jübsinden açar çykaryp, açmaga başlady. Gyz bolsa Rüsteme gitmejegini aýtdy. Rüstem bolsa nalajy bir günlik kabul etjegini aýtdy.
Öýe girdiler. Rüstem gyza agşam ýatjak otagyny görkezdi. Özi bolsa hammama girdi. Ine şeýdip birnäçe wagt geçdi. Gyz öz otagyndan gygyrdy:
-siziň adyňyz näme?
-Rüstem, siziň adyňyz näme?
-Merjen, tanşanyma şat.
-menem.
-kömegiňize-de minnetdarlyk bildirýän!
-bolýa. Siz näme üçin bärde galdyňyz?
-meň öýümiň kireýni tölemeli, meň bolsa pulym ýok.
-şu wagta çenli nirde boldyňyz?
-köçelerde.
Ine şeýdip bular ýatdylar. Ertesi gün Merjen ir bilen turdy, ýuwyndy we arassa eşikleri geýdi. Biraz wagtdan Rüstem hem turdy. Ol hem ýuwyndy we ertirlik edinmäge stoluň başyna geldi. Görse ertirlik taýýardy. Ol Merjene seretmän “gaty öwrenşiberme, men hemişelik saklama netim ýok” diýdi. Merjen hem dogumly gyzlardandy, ol bu sözleri ýüzüne-de almady. Ertirlik edinip otyrdylar. Birden Rüstemiň gözleri Merjene düşdi. Onuň gözleri uçganaklap gitdi. Bu gyz agşamky gyza asla meňzemeýärdi. Rüstem bir salym gözlerini aýyrman Merjene seredýärdi. Merjeni agşam görende üstünden ýakymsyz ys gelýärdi, üstesine-de saçlary hem syh-syhdy. Soň Merjen Rüsteme:
-nä beýle dikanlap seredýäňle, birzat barmy?...

#dowamy_bar.

Awtor: Mr.WriTer

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir