SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 19.

181. Bir gün bir guzujuk aglap barýarmyş. Öňünden jüýje çykyp:
- Guzy dost, sen nämçün aglaýaň?
+ Meň kakama baran diýýäler, menem ulalsam inni baran bolmalyyyyyy....
- Aý onyňa gowylaý. Men ulalsam petuh bolmaly.

182. Iki sany ýolbars agajyñ ashagynda uklap ýatan demir lybasly rysaryñ üstüne topulýarlar. Bir ýolbars beýlekä:
- Haý blaaaa... - diýip, diýşi döwülen ýolbars arlaýar:
- Ýene-de konserwa! 

183. - Eje, aý eje bular balygyň nämesi? 
-Teňňeleri oglum!
-Baý buuu balyklaraý! Olar teňňelerini gapjyga salman, köýnek edinip geýýän ekenler-ow.

184. Bir çukça dagyň çür-başyna çykypdyr. Görse bir bürgüt otyr. Ol çukça bürgüde:
- Bürgüt aga, aýtsana, sen nädip uçup bilýäň?
+ Aý uçmak kyndälä. Ilki bökýäň, soň ganatlaryňy açýaň, soňam uçýaň. Menem, meň kakamam, kakamyň kakasam, ata-babalyram şeýdip uçupdyrlar. - diýipdirweli ýaňky çukça dagdan bökäýipdir. Aşak gaçyp barýakada:
- Aý bläää seňem, seň kakaňam, kakaň kakasynam, ata-babaň bilen bile baryňyzyň....

185. - Howwa talyplar. Onsaň siz "Çig mal birža" diýip nämä düşünýäňiz?
+ Bişmedik goýun eti bolaýmasa.

186. Bir gaýişnik gyşda öýüne gelip pullaryny sanap otyr ekeni. Ejesi gelipdirde:
- Oglum maňada azawlyk beräýdä
- Dursana how eje. Demimi bir alaýyn.
Ýarym sagatdan ýenede ejesi gelýä:
- Oglum demiňi alansyň. Indi beräýdä.
- Dursana eje how sanap bir bolaýyn
Ýarym sagatdan ýenede ejesi gelýä:
- Oglum sanap hem bolansyň, innibir beräýdä
- Aýow eje ýürege düşdüňäý, menä sowukda durup, irden turup gazanýan. Senem öýde otyryp pul soraýaň...
- Wah oglum, gai halyňa şu pullaň hersini alaňda menemä ýatlap gidýändirler.

187. -Samsyk diýip kime diýýäler?
+ Bir adama bir zatlar düşündirýäň, düşündirýäň, olam hiç zada düşünenok. Ine şeýle adamlara samsyk diýilýär. Düşündiňmi?
- Ýok!

188. Iki sany tyr-tyrlar öz maşynlarny öwýärler:
-Men düýn 600-lik mersimi şeyle bir basdym, gapdalymdaky stolbalar görnenok.
+ Onyň hijoooo. Men düýn BMW-de şeýle bir pawarot etdim welin, yzky nomerimi okap bildim.

189. Men seni söýdüm dawno,
ynanmadyň serawno.
Seniň çorny gözleriň,
lýubow diyen sozleriň.
Paçemu hat yazaňok,
Nawerno sen söýeňok.
Söýmeseňde napişi,
Ýürek bagryň otduşy,
Ýürek boldy bespakoý,
Haýyş edýän uspakoý,
Sen bir owadan swetok,
Meň ýolmaga hakym ýok,
Diýmeseňde I love you,
Men serawno tebýa lýublýu.

190. Herkim "Gorkan zadyň başyňa geler" diýýäler. Menem onda milýoňer bolmakdan gorkaýyn.

Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir