Ilki bilen goh galmagaldan, uzagrak ýerlere gidiň.
Tekiz gatyja ýerde ýerleşiklije arkanlygyna ýatyň. Gollarňyzy bedeniňiziň deňinde uzynlygyna goýberiň. Ýöne olar bedeniňize degip durmasyn. Ayaklaryňyzy hem şeýdiň. Olary ýygyrmaň, bir-biriniň üstünde hem goymaň, biri-birine hem degmesin. Her muskuluňyzy (beden etiňizi) gowşadyň, rahatlanyň.Ýüziňiziň her bir muskuly barada pikir ediň-de, olary gowşadyň:
maňlaý, yaňaklar, çekge muskullary, aşaky eňek. Ilki bilen ýeňse damarlaryňyzy gowşatmagy hem unutmaň. Siziň aşaky eňegiňiz şeýle bir erkin bolmaly welin, ol hatda biraz aşak sallanmaly. Indi sag eliňiziň etlerini gowşadyň, soňra çep eliňizi şeydiň. Soňra bar ünsüňizi gezekli gezegine ilki sag, soň çep aýaklaryňyza gönükdiriň. Şol bir wagtyň özündede dabanlaryňyzy, baldyryňyzy, buduňyzy, olaryň et damarlaryny gowshadyň, yzyndanam, ilki garnyňyzyň soňam yagyrnyňyzyň etlerini gowşadyň. Rahatlandyryň. Hemişekileriňize görä kadaly, sazlaşykly dem almaga çalşyň. Her gezek demiňizi goýbereniňizde, kükregiňiz barha we barha aşak çökmeli. Indi şeyle bir ýagdaýy göz oňüne getirip görüň:
siziň elleriňiz we eginleriňiz, ayaklaryňyz we ýagyryn oňurgalaryňyz yumşak yüp ýa-da lenta bilen tutuşlugyna saralgymyş diýeli. Siz doňdurylan ýaly bir zat. Ýöne göz açyp ýumasy salym şeyle bolmaly . Indi bolsa şol lentany aňyrky çägine çenli boşadyň. Şonda siziň bedeniňiz öz agramynyň aşagynda saklanyp, dykyzlanyp başlar. Elleriňiziň, ayaklaryňyzyň barmaklarynyň ujunda hamala bir kiçijek deşik barmyş diýeli. Muny siz özüňiz göz öňüne getirjek boluň. Her gezek siz demiňizi çykaranyňyzda siziň içiňizdäki howa hälki barmaklaryňyzyň deşiklerinden daşaryk çykyp gidýändigini hyýalyňyzda göz öňüne getiriň. Şeýle yagdaýda bedeniňiz göýä eräp barýan yaly bolup duýylar. Bu ahwalat yöne biýakym bolmaz. Üýtgeşik bir pursat bolar. Bedeniň gowşamagy hoşuňa geler, lezzet alarsyňyz. Arkan yatyşyňyza jaýyň petiginde (potolokda) maňlaýyňyzyň deňinde haýsydyr bir nokady tapyň. Şoňa-da gözüňizi aýyrman seredip durmaga çalyşyň. Eger gözüňiz yadap başga bir ýere öwrülse, onda ýene-de şo dessine görejiňizi şol öňki nokada gönükdiriň. Birsalym geçenden soň, has uzagy birki minutdan soň gözüňiz gyrpylyp başlar. Yzyndanam awuşar, yaş geler. Bilgeşleýinden gözüňizi ýummaň, gabaklaryňyz öz-özünden ýumulynça garaşyň. Teý ahyr gözüňiz ýumular. Şonda siz üýtgeşik bir rahatlyk duýgusyny başdan geçirersiňiz.


@Morningstar

Bilim, Paris tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir