SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 18.
171. Myhmanhana iki sany dost girýär. Olar ýer almak isleýärler. Elbetde, myhmanhana 5 ýyldyzly däl eken. Onsaň olaryň bu ýere göwni ýetmän çişen bolup:
-Bu doňuzýatakda bir otag näçä durýar?
-Bir doňuz üçin 30$, iki doňuz üçin bolsa 60!
172. Molla we polisiýa ikisi durmuşdan zeýrenişip barýamyşlar. Ikisinede zat düşendäldirdä. Birdenem iki sany adamyň erbet urşyp duranyny görýäler. Polisiýa bulary aralajak bolýar, emma molla:
-Dur oglum, entek wagty gelenok… - diýýar we polisiýany saklaýar. Ine-de, uruşýanlaryň biri beýlekisini pyçaklap öldürdi. Şondan soňra molla:
- Ine, oglum! Indi barsak bolar. Olaryň biri seniňki, beýlekisi bolsa meniňki!
173. Ependi restoranda. Ofisiant Ependiden soraýar:
-Agam, name iýmek isleýäňiz? Ependi:
- Şol aňyrky gyrada oturan adamyň iýýäninden iýjek.
+ Bu diýýäniň bolmaz, agam! Ol adam iýýänini bermez ahyry...
174. Sygyrlar barada hakykat! Sygyr bize süýt we et berýär diýýäler, emma, bu düýbünden NÄDOGRY! Adamlar ol pahyryň süýdünem, etinem soraman alýalar. Süýdünidagy kösäbem alýalar.
175. Bir gün Poşalagyňka telewidiniýeden reportaž almaga gelýärler. Reportýorlaram ermeni ekeni, özlerini tanadýarlar:
- Wasiliý Mahçupýan we Grigoriý Lukoçýan. - diýýäler weli, Poşalagam özüni tanadýar:
- Men-ä Poşalak Tal çapýan, aýalymam Eneküti Nan ýapýan.
175. Iki ýewrein gürrüňinden:
- Awram, sen bu gyzyl sagady nirden aldyň?
+Muny kakam öljek bolanda maňa satdy.
176. Holodilnikda iki sany pomidor bar eken. Bir pomidor:
- Mena üşeýänaý. - diýse beýlekisi oňa seredip:
- Ewwaý, haýran galaýmaly gepleýän pomidor bar.
177. Bir çukça aýreporda barypdyr. Çukçadan kassadaky oturan aýal:
- Size biznes klas gerekmi ýada v.i.p.
+ Haýsy gaty gidýän bolsa şony beräýiň.
178. Bir gyzdan "Ýatyp bilmeseň nämeler edýäň" diýip sorasalar ol gyz "Goýunlary sanaýan, Gurban, Aşyr, Meret, Serdar..."
179. Bir oglan bir gyz bilen tanşjak bolýar:
- Salam. Siz Marydanmy?
+ Ýok.
- Bäh gabat geläýşinaý. Menem Marydandäl...
180. Bir çaga atasyna:
- Ata ata. 5 manat bersene...
+ Dört manat diýýäňmi? Üç manady näme etjek? Iki manat bolanokmy? Al onda bir manady. Munam karzynadyr.
Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 18.
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Çukçalar kim bolýaraý bilýäniňiz barmy?:))))
-
Xyivenia
3 years ago
- Men hem dusunmedim sol çukça sozune
Biri seninki,beylekisi bolsa meninki :D
6.05.2021 15:49
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Çukçalaram bir millet öýdýän. Ýöne haňk-huňkyrak bolmasa😄
-
aynura
3 years ago
- ))))
Korolewa 3 years ago- Guldurtdi :)
Yetirenin ucin minnetdar!