Mendede seniňki ýaly söýgi bar 4


...Öňküje skameýkada garaşyp oturan ýigidiň ýanyna ýene asmandaky aý ýaly dolup gyz geldi. Oglan ýerinden turup, gyzy güler-ýüz bilen garşy aldy:
-Salam. Gowmy ýagdaýlaň? Gel geç otur.
+Howwa gowy. Özüň nähili?
-Gowyla. Sen gelersiňde gowy bolmazmy!? - diýip Wepa ýok ýerden ýekeje gül çykaryp gyza berdi. Gyz geň gördi, güli geň görenokda, gülüň nirden çykanyna haýran galdy. Sebäbi Wepanyň ýanyna Tanýa gelende Wepanyň eli boşdy hiçzat ýokdy ahyry, skameýkada, başga hiçýerdede gül ýokdy. Golaý ýerlerde baglaryň şahalaramýok. Gülüň nirden çykanyny bilmän, pikire batyp, eýlesine-beýlesine seredýän gyzy synlap, gülüp oturan Wepa pyňkyryp göýberdi. Sebäbi entek gyz gelmänka, güli skameýkaň arka tarapynda görünmezýaly skoçlap goýan mekiriň ady Wepa. Oglanyň duýdansyz sowgadynyň duýdansyz ýerden çykmagy, gyzyň öňki duşuşukdaky öýke-kinelerini ýazyp biljegine gaty gowy düşünipdir. Ahyry gülüň nireden çykanyny bilmän gyz gülüp oglana ýalbaryp başlady:
-Güli nirden çykardyň? Bu fokusy maňada öwredäýda! Aýdaýda!
+A sen nähili pikir edýäň!? Belki menem Edwardýaly gaty çalasyndyryn, belki göz açyp-ýumasy salymda men gidip güli getirendirin. A sen nähili pikir edýäň!? Sen meň wampirski dişlerimi görmediň barlamadyňa!? - diýeninden gyzyň ýüzündäki ýylgyrşlar ýuwaşjadan aýrylyp başlady. Howwa howwa, gyz Wepanyň aýdanlary barada pikir edip oňa ynanyp ugrady. Soňra gyz ýüzüni agraslyga salyp:
- Sen maňa degmersiň, meni gözlärler, senem taparlar. Kakam seni öldürer! - diýip çyny bilen ýerinden turup yza ýöräp gaçmaga hyýallandy. Oglan bu ýagdaýdan çyny bilen gorkup:
-Dur-dur, men wampirdäl, ine seret dişlerimi gör, güli skameýka skoçladym, ine şu ýere, seret skoçam dur!!! - diýip howsalaly gyzy saklady. Hahaýlap gülen gyz:
-Sen bir özüňi görsediň. Çaga ýaly. Aldajak bolduň, emma özüň çaga ýaly aldandyň! - diýip gyz jykyr-jykyr güldi. Oýuna-oýun bilen jogap beren gyz, öz boluşunada oglanyň boluşunada hezil edip güldi. Wepa hem Tanýanyň bu mekirligine soň düşünip, gyz bilen bile gülüşdiler. Ahyry gyz gülmeginiň arasynda:
-Dogrysy güli nirden alandygyňy aýtmadyk bolsaň bilmezdim, haý senemä, seni gorkuzan menemä! - diýip gülkisini gürrüňe ýazdyrdy. Oglan:
-Dogurdanam men ynandym! - diýip Wepa gorkanyny boýnuna aldy. Şeýdip ýaşlar uzak wagt gürleşip otyrdylar. Ahyram Wepa:
-Tanýa, eliňden tutaýaýyn!? - diýip çynlakaý haýşt edip gyzdan rugsat sorady. Gyz höwes bilen bu soraga garaşýanýaly ilki bolup oglanyň elleriniň aýasynda öz elini goýdy. Wepa gyzyň ellerinden tutup gürüňini dowam etdi. Gürrüňiň arasyndada gyzyň näzik barmaklaryny, eliniň aýasyny, üýtgeşijek edip sypalaýardy. Şeýle gürrüňler edilip otyrka gyz ýene, birde ýerinden turup:
-Men gitmeli! - diýip öýlerine tarap ýöräp başlady. Ýagdaý geçengezekki ýaly nokatma-nokat gaýtalanýar, ýene gyzyň ýüzi ýere salyk, ýene oglanam gyzam aladaly, ýene çalt ädimler hem hoşlaşylman galan ýürekler. Gyzyň geçen gezek aýdan "Gaýdyp şu tema barada hiçzat gürleşmäli" diýen sözlerini oglan kellesinde aýlap "Belki bu normalny ýagdaýdyr, belki gyz menden aýrylýanyna gaharlanyp, meň bilen bile bolup bilmeýänine gynanyp näme etjegini bilýändäldir" diýip öz-özüne göwünlik berdi. Ýene agşam oglan ötünç sorady, ýene gyz hemmezat gowy diýip aýtdy. Emma gyzyň bu herekedi geňsi we gowulukdäldigi bes-belli. Şeýdip günler geçip, duşuşuklaram üýtgemänjik gaýtalanyberdi... Aradan 3 aý geçeninden soňraky bolan üýtgeşme, Wepanyň ýüregine çuňňur ornaşdy...

4-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir