Din – Allah tarapyndan esaslandyrylan kanundyr. Ol ynsana ýaradylyş maksadyny, barlygynyň hikmetini bildirýär, Beýik Ýaradanyň öňünde nähili ybadat etmelidigini öwredýär.

Din – her bir ynsanyň «Men kim? Nireden gelip, nirä barýaryn?» diýen sowallaryna kanagatlandyryjy jogap berýän ýeke-täk çeşmedir.

Din – adalat, ýagşylyk, fazylet, dogrulyk, pidakärlik ýaly duýgularyň esasy çeşmesi, ynsan wyždanyndaky ynanç mätäçligini kanagatlandyryjydyr.

Din – akylly kişilere ýaradylyş maksadyny bildirýän, olary öz erk-eradasy bilen Allahyň Resulynyň irşady (dogry ýol görkezmegi) esasynda salaha (ýagşylyga, rahatlyga), felaha (sagadata, salamata) we kemalata (kämillige, ösüşe) ugrukdyrýan, şeýle hem olaryň maddy we ruhy zerurlyklaryny üpjün edýän ilahi kanunlaryň kodeksi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: din – erk-erada eýesi bolan barlyklaryň magnewi, sosial, dolandyryş, ykdysady we duýgy taýdan tutuş durmuşlaryny düzgüne salmak üçin ynsanyň bilip we isläp tabyn bolan düzgünleriniň toplumydyr.

«Din» arap sözi bolup, baş egmek, tagat kylmak, hakyňy almak, karz almak, adat edinmek, baş egdirmek, zor salmak, hasap soramak, dolandyrmak, jeza ýa-da sylag bermek, hyzmat etmek we borç bermek ýaly manylary öz içine alýar.

Ynsan dini pygamberlerden öwrenipdir. Pygamberler bolsa, wahý üsti bilen Allahdan alýan dini hökümleri bolşy ýaly adamzada ýaýradypdyr. Görşüňiz ýaly, diniň hakyky eýesi Allah Tagaladyr. Pygamberler bolsa diniň hökümlerini adamzada ýetirýän ilçidir.

Ynsan durmuşynda diniň orny
Din ynanjy adamzat bilen birlikde döräpdir. Çünki adamzat taryhynyň hiç bir döwründe din duýgusyndan mahrum millete duş gelinmändir. Ynsanyň bar ýerinde nähili hem bolsa, bir din bardyr. Adamzat ýaşadygyça, din hem bolar.

Ynsan şahsy hem-de ijtimagy durmuşynda birgiden kada-kanunlara boýun bolmaga mejburdyr. Eger bu kada-kanunlar Allahyň saýlap iberen dinine degişli bolmasa, onda olar bir şahsyň ýa-da bir toparyň goýan düzgünleridir. Şeýle ýagdaýda mazmuny bir, emma dürli-dürli dinler ýüze çykýar. Bu dinleriň taňrylary olary esaslandyranlaryň nebisleri, arzuw-hyýallarydyr. Ijtimagy durmuşdaky rableri (terbiýeçileri) şol dini döredijileriň özleridir. Bu dinleriň hökman ynanylmaly we kabul edilmeli hukuk we ahlak kadalary bardyr. Allahyň asla razy bolmadyk bu dinleri mazmun taýdan meňzeş bolsa-da, görnüşleri dürli-dürli butlary bardyr.

Adamzat taryhynyň şaýat bolmagyna görä, bu dinleriň ijtimagy durmuşdaky daýanç nokady güýçdür, zorlukdyr, maksady bolsa bähbitdir. Durmuşdaky dessury gowgadyr, jedeldir, uruşdyr. Şol jemgyýetleri birikdirýän esasy zat tireparazlyk, milletçilikdir. Munuň miwesi bolsa, nebsi kanagatlandyrmak we adamzadyň mätäçligini köpeltmekdir.

Hak diniň esasy – Allaha gullukdyr. Bu gulluk Allahdan başganyň öňünde boýun egmezligi, halim, selim we päli pes bolmagy talap edýär. Bu gullugy ykrar eden Ýaradanyň rugsat eden ýerinden başga ýerde peselmäge meýil etmez. Gerek bolsa ynsanlaryň üstünden hökmürowanlyk etjek bolýanlara hetdini tanadar. Ol özüniň ejizligini we pakyrlygyny biler. Ýöne Kerim bolan Allahyň beren baýlygyna kanagat eder, Onuň soňsuz gudraty bilen kuwwatlanar.

Hak diniň ijtimagy – durmuşdaky daýanç nokady hakykatdyr. Maksady fazyletler we Allahyň razylygydyr. Dessury arkalaşmakdyr. Jemgyýetleri birikdirýän daragty bolsa dindir, Watandyr. Miwesi bolsa, nebsiň bet arzuwlarynyň öňüne böwet basyp, ruhy kemalata meýil etdirmek, belent duýgulary kanagatlandyryp, ynsany kämillige ugrukdyrmakdyr.

Ýer ýüzünde dörän ilkinji din
Günbataryň din taryhçylarynyň öňe süren taglymatlaryndaky ýaly, adamzadyň ilkinji dini animizm ýa-da totemizm mysaly ýöntem din däldir. Ilkinji ynsan we ilkinji pygamber hezreti Adama (a.s.) iberilen we Allahyň ýeke-täkdigine bolan ynanja daýanýan towhyd dini adamzadyň ilkinji dinidir. Kuranyň suratlandyryşy ýaly, «Allahyň ýanynda ýeke-täk diniň Yslamdygy şübhesizdir», (Ali Imran, 19). Ynsan duýgularynyň, arzuwlarynyň, mätäçlikleriniň, maksatlarynyň birmeňzeş bolşy ýaly, Allahyň ynsan üçin saýlap iberen dini hemaslynda bir meňzeşdir. Hz. Nuh (a.s.), hz. Hud (a.s.), hz. Salyh (a.s.), hz. Ibrahim (a.s.), hz. Musa (a.s.), hz. Isa (a.s.) we hz. Muhammet (s.a.w.) ýaly ähli resullaryň teblig eden we nebileriň uýup amal eden dini hemişe yslam bolupdyr. Emma her gezeginde ynsanlaryň nebsiniň arzuwlary sebäpli, bu dinden daşlaşylypdyr we esasy meňzeş, emma görnüşi tapawutly bolan ýöntem, şirk, batyl dinler döräpdir. Nemes filosofy Schelling hindi dininiň kitaplaryndan Wedalary barlandan soň, şeýle netijä gelýär: «Ähli adamzat öň ýeke-täk jemgyýetdi we ýeke taňra ynanýardy. Iň gadymy din ýyldyz-ýyldyz bölünipdir», Sosiolog Schmidt bolsa, Ýer ýüzünde iň ilkinji jemgyýet bolan pigmeýleri derňäp, olarda «ýeke-täk taňra» ynanjyň bolandygyny subut edýär. Bu barlaglar Durkeýmiň ynsanyň ilkinji dininiň totemizm bolandygy baradaky pikirini puja çykarýar. Onda batyl dinler neneň döredi?

Hezreti Adam atadan (a.s.) soňra adamzat öz nebsiniň we şeýtanyň ýoluna gidip towhyd ynanjyndan daşlaşyp, hak dinden aýrylyp, birgiden ýalňyş ynançlara uýupdyr. Şeýlelikde, batyl dinler ýüze çykypdyr.

Ynsan hak dinden daşlaşyp batyla uýdugyça, Allah Tagala hem olara täze pygamberler iberipdir. Olary towhyda çagyrypdyr. Emma adamlaryň diňe bir bölegi bu çakylyga tabyn bolup, beýlekileri öňki batyl ynançlarynda kesirlik edip galypdyr. Hatda bular Haka tarap dönmekden-ä geçen, dönenlere-de ezýet beripdirler. Şeýlelikde, her asyrda we her döwürde hak dine ynananlaryň we ynanmadyklaryň arasynda göreş gidipdir. Häzirki döwürde hem dürli atlar we görnüşler bilen bu göreş dowam edýär, kyýamata çenli hem dowam etjekdir.

Ilkinji ynsan
Ynsanyň Adam atadan we How eneden gaýdýandygyny ähli hak dinler, taryhy maglumatlar belleýär. Şeýle hem ilkinji ynsan Allahyň Ýer ýüzündäki halyfy, pygamberi we guludyr. Allah Adam atany ýer ýüzüne ibermänkä, oňa zerur bolan her bir zadyň adyny öwredipdir. Kurany Kerimiň Bakara süresiniň 31-nji aýatynda: «Her bir zadyň adyny Adama öwretdik» diýilýär. Ýagny, Adam ata ylymlaryň ähli mazmuny öwredilendir. Ol häzirki döwrüň käbir sosiologlarynyň we taryhäçylarynyň aýdyşy ýaly, bisowat, gürläp bilmeýän bir mahluk däldir. Ol Ýer ýüzünde özüniň peýdalanyp biljek her bir zadyny bilişi ýaly, ösen düşünjeli ynsandyr. Medeniýet hezreti Adam atadan başlanýar. Bu medeniýet hezreti Muhammetde-de (s.a.w.) iň kämil derejä ýetýär.

Ynsana we äleme maddy nukdaýnazardan baha beren materialist pelsepeçiler ynsany maýmyndan dörän bir jandar diýip aýdýarlar. Ewolýusiýa diýlip atlandyrylýan bu düşünjäni häzirki ösen ylymlar doly ýalana çykardy. Darwinizmiň asyl maksady ynsanyň döreýşini başga bir jandara baglamak bilen, ony hak dinlerden we ýaradyjysy bolan Allahdan daşlaşdyrmakdyr. Emma älemdäki akylyňy haýran edýän deňagramlylyk we sazlaşyk, bu nazariýäniň ýalandygyny subut edýär.

Ýer ýüzündäki ilkinji ynsan bolan hezreti Adam atany Allah Tagala toprakdan ýaradyp, oňa ruhundan üfläpdir. Ýanýoldaşy How enäni bolsa onuň gapyrga süňkünden ýaradypdyr. Kurany Kerim: «Sizi ýeke-täk nefisden (jandan) ýaradan we köňlüňe aram tapdyrjak ýanýoldaşyňy hem şondan bar eden Allahdyr» diýip belleýär, (Araf, 189; Nisa, 1).

Allah Tagala Adam atany we ähli adamzady iň kämil görnüşde ýaradypdyr. Eger-de ynsan özüne berlen duýgulary pygamberleriň görkezen ýoly bilen terbiýelese, perişdelerden hem ýokary derejelere göterilip biler. Emma tersine bolan ýagdaýynda, haýwanlardan hem aşak düşmegi mümkindir.

Allah Tagala Adam atany we How enäni ýer ýüzüne iberenden soň, olaryň nesilleriniň dowamyny dogulmak arkaly köpelmek kadasyna salýar. Kurany Kerim çaganyň enäniň göwresinde geçirýän döwürlerini şeýle düşündirýär: «Kasam bolsun, biz ynsany palçygyň arassasyndan, jöwherinden ýaratdyk. Soň ony nutfe (tohum) görnüşinde berk bir ýerde (ýatgyda) ýerleşdirdik. Soňpa nutfäni lagtalanan gan halyna getirdik. Ony bolsa bir bölek et etdik. Şol eti süňklere öwürdik, süňklere bolsa täzeden et ördürdik. Şeýdip, täze görnüşli, üýtgeşik bir barlyk döretdik. Iň ajaýyp şekil berýän, ýaradan Allahyň şany ne beýikdir!» (Müminun, 12-14).

Diniň şahsa we jemgyýete peýdasy
1. Ynsan ömrüniň dowamynda: «Men kim? Nireden gelip, nirä barýaryn?» diýen sowallary öz-özüne berýär. Ynsan bu sowallara diňe din üsti bilen kanagatlanarly jogap tapýar. Eger din bolmasa, ynsanyň düşjek endişesi, ýagny, ölümden soňky durmuş onuň şu dünýäsini berbat ederdi.

2. Adamzadyň maddy we ruhy ösüş gazanmagy, kämillik mertebesine ýetmegi üçin din hökmandyr. Eger din bolmasa, pygamberler iberilmese, ynsan ruhy kämillige ýetmez, akyl we düşünje taýdan ösmez, wy–dany durlanmaz, gözel ahlakdan mahrum haýwan halynda galar.

3. Din – jemgyýetiň ýaşaýşyny düzgünleşdirýän, adamzat üçin zerur gurluşdyr. Dini duýgy – ynsandan hiç wagt aýrylmaýan, ony hemişe gözegçilik astynda saklaýan ruhy terbiýeçidir. Bu düşünje ynsany, gizlin-u äşgär, ähli ýamanlyklardan daşlaşdyryp, hemişe haýra ugrukdyrýar. Şeýle jemgyýetde hemişe tertip-düzgün, durnuklylyk, agzybirlik bolýar.

Dinsizlik bolsa, ähli zatdan öňürti ahlagy ýok edýär. Çünki din bolmasa ahlak üçin çäklendiriji, terbiýeleýji güýç galmaýar. Şeýlelikde, bu ýagdaý her hili ýaramazlyklaryň döremegine, ýaýramagyna we netijede, tutuş jemgyýetiň dargamagyna sebäp bolýar.

Şol bir wagtyň özünde dinsizlik hukuk düşünjesini hem ýok edýär. Ahlak kadalaryny berjaý etmeýän dinsiz ynsan hak-hukuga degişli kanunlara hem boýun bolmaýar. Maý tapsa zulum etmekden, talaňçylykdan dürli pyssy-pujurlykdan gaýtmaýar.
«Aý, näme bolsa şol bolsun» düşünjesi maddy zatlaryň guly, arzuw-islegleriniň ýesiri bolan dinsiz ynsanyň ýörelgesi bolýar. Bu düşünje jemgyýet üçin betbagtlykdyr.

Dinleriň görnüşleri
Yslam alymlary dinleri esasan iki topara bölýärler.
1. Hak dinler
2. Batyl dinler

Ýeke-täk Allaha ynanmagy esas edinip, diňe Oňa gullukda bolmagy we ybadaty emr eden dinlere hak dinler diýilýär. Hak dinler Allahyň iberen dinleridir. Şonuň üçin bulara semawi dinler hem diýilýär. Allahyň ýeke-täkligine iman getirmegi esas edinýändigi üçin hak dinlere towhyd dini hem diýilýär.

Hak dinleriň käbiri soňra adamlar tarapyndan dürli batyl ynançlaryň we yrymlaryň girizilendigi sebäpli aslyýetinden daşlaşypdyr. Şonuň üçin, bu dinlere «asly bozulan» diýen manyda «muharref» dinler diýilýär. Muňa mysal edip, ýahudy we hristian dinlerini getirmek bolar. Bular ilkibaşda hak din bolup, soň towhyd esasyna garşy dürli ynanç we düşünjeleriň girizilmegi sebäpli, muharref dine öwrülipdirler.

Allah tarapyndan iberilmän, ynsan tarapyndan döredilen towhyd ynanjy bilen baglanyşygy bolmadyk dinlere batyl dinler diýilýär. Bu dinlerde akyla, hikmete laýyk we jemgyýete peýdaly käbir hökümler bolsa-da, olara uýýanlaryň Aýa, Güne, ýyldyzlara, käbir haýwanlara, öz elleri bilen ýasan butlaryna çokunýandyklary üçin, beýle dinler mukaddes saýylmaýar. Induizm, buddizm, mejusilik we şamanizm bulara mysal edilip bilner. Muharref (ýoýlan) dinler hem batyl din hasaplanýar.

Ylym we din
Ylym maddy dünýäniň, ýaşaýşyň, aýratyn hem ynsanyň nähili ýaradylandygyny öwrenýär. Şu älemde hökümini ýöredýän ilahi kanunlaryň üstüni açýar. Bu kanunlar arkaly adamzadyň medeniýetde we tehnikada has ösmegine mümkinçilik döredýär. Din bolsa, älemiň ýaradylmagynyň sebäbini we Ýaradyjynyň kimdigini mälim edýär. Aýratyn hem ynsanyň ýaradylanlaryň arasynda görnükli ornuny, ýaradylyş maksadyny we şu dünýädäki wezipesiniň aýratynlygyny açyp görkezýär.

Şu nukdaýnazardan ylym we din barlyk äleminiň syrlaryny açýan goşa açardyr. Bularyň biri ýaradylyşyň görnüşini, maddy mazmunyny açyp görkezse, beýlekisi ýaradylyşyň sebäbini we maksadyny aýan edýär. Şeýlelikde, ylym bilen din biri-birine çapraz däldir. Gaýta, biri-beýlekisiniň üstüni ýetirýändir.

Ylym ösdügiçe, dini garaýyşlaryň, düzgünleriň puja çykjakädygyny öňe sürenler ýalňyşýandyr. Gaýta, tersine, ylym ösdügiçe, täze açyşlara ýetdigiçe, paýhasly adamlary dini akydalara, ynançlara has-da ýakynlaşdyryp, Allahyň beýikligini has-da anyk görkezýär. Ýagny, älemdäki kemsiz düzgün-nyzamly kanunlaryň üstüni açmak we bu kanunälardan peýdalanmagyň ýollaryny gözlemek bilen meşgullanýan ylymlar bu kämil nyzamy döredýän we dolandyrýan Allahyň barlygyna iň güýçli delil we şaýatlardyr. Ýaradanyň bardygyny we Onuň deňi-taýsyz gudratyny inkär etmek, bu gözümiziň alnyndaky älemi inkär eden bilen deňdir. Bu älemi inkär etmek, şol bir wagtyň özünde ylmy hem inkär etmekdir. Din bilen ylmyň gatnaşygyny alymlar şeýle düşündirýär:

«Wyždanyň yşygy dini ylymlardyr. Akylyň nury bolsa takyk we tebigy bilimlerdir. Ikisiniň birleşmeginden hakykat ýüze çykar. Olar biri-birinden üzňe bolanda birinjisinden – taassup (özüniňkiden başgany unamazlyk) ikinjisinden bolsa – hile we şübhe dörär». Ýagny, diňe dini ylymlary okamak ynsany köre-körlüge, ýalňyz takyk we tebigy bilimleri öwrenmek bolsa, tehniki taýdan ösüş gazandyrsa-da, doly köňül rahatlygyna däl-de, azgynçylyga we agzalalyga getirer. Belli alym Albert Eýnşteýn hem bu barada şeýle diýipdir: «Dinsiz ylym kör, ylymsyz din hem agsakdyr».

Bilim, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir