Garamaňlaý hindi gyzy
Bu kino filmi uly adamlaryň köpüsi görendirler hem gözlerinden nijeme damja ýaşlar syzdyrandyrlar. Kinofilm Türkmen SSSR-de döredilip belli türkmen artistleri rollary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Özüm-ömrümde gören gynançly kinofilmleriň hiç birisinde göz-ýaş etmändim, emma bu film... Filmde bir gyzjagazyň çagalygyndan gara-hapa günleri, tä ulalyp dälireýänçä görüpgelenligi suratlandyrylýar. Filmde baş gahryman gyz(ady ýadyma düşenok) baý maşgalada dogulup, kakasynyň pully baýyň haramlygyndan köp ezýet görüp, ýönekeý mähriban ejesiniň gujagynda ulalýar. Gyz 6 ýaş töwereginde kakasy bilen başga bozuk aýaly bile görüp, ejesiniň hem bu waka çydap bilmän kakasyna sögünende, kakasy maşgalasyny köçä kowan ýowuzlugyna şaýat bolmaly bolýar. 2 çagaly mähriban ene, atasy öýüne dolanyp gelýär. Gyzjagazyň daýysy norkotik işlerine baş goşup bulaşyp türmede oturyp gelen adam, bulary bialaç nalaly garşy alýar. Bu film adamlaryň hakyky durmuşundan alynan. Disk satylýan dükanlardan tapyp alyp görmegiňizi maslahat berýärin!!!
Garamaňlaý hindi gyzy
-
Gubadag_A.Alayew
3 years ago
- Hakykatdanam gaty gynançly kino
-
yashalym
3 years ago
- gowy kino. Howwa ady Jeren. Oglanam gaty gowy oýnaýar. matorlyja kaskadýor 😄 gowy çykypdyr. ýöne ada gidenlerinde etýän hereketlerini biraz halamadym.
-
Jeksparro
3 years ago
- Döwrümizdäki ulanylýan hapa paýynç sözleri ýaşyrman, tümlük çukurynda galan wagşyçylyk hereketleri, aragatnaşyklary, gepleýiş äheňleri özünde jemleýän açykdan-açyk janlandyrylan ajaýyp kino...
-
yashalym
3 years ago
- Gaty gowy kino dp bellapdim ,yone kop yerleri yadymdan cykdy. "Kecpelek" hakyky sungat eseri ulalamson kino gorup aglamagmy goyupdym yone su kino aglaman seredip bilemok
yashalym 3 years ago- Howwa gaty gowy kino şu gynançly gyzyñ ady Jeren oydyan yalnysmasam