Kakasynyň gyzyna soraglary.
-Kaka, sag-aman turduňmy? Ertiriň haýrly bolsun. Ine çaý naharyňam getirdim, iýip gör. Süýji bolupdurmy baha ber. Agşam gowy ýatdyňmy!?
+Howwa gyzym, ördük sagaman. Seňkem haýrly bolsun. Agşamam aý näme garraşanyň ukusudurda. Saňa döneýin guzym. Hehe, tüweleme hergün her-dürli nahar bişirip meni haýrana goýýaň tüweleme. Süýji hem üýtgeşik bolupdur. Bu naharyň ady näme?
-Pizza diýilýär kaka. Al noş bolsun. Onsaňam kaka, meň seniň bilen bir gürrüňüm-meseläm bar. Iş-güýjüň bolmasa şo gürrüňi çözäýelidä!?
+Elbetde guzym. Heý kakaňa ýüz tutanýeriňde "ýok" diýenýerim barmy, kakaňam bolsam hehe jora ýaly aramyz. Işem bugünä dynç güni, gyssagly işe çagyrmasalar, bügün men dynçda. Ol näme gürrüňdi?
-Ol neme, aýtmagada utanýan, birhilekdä...
+Çekinme gyzym, sen meň jananyma, arkaýyn aýt. Bizden başga adam ýoga.
-Aýtsam kaka, gelen sawçylar...
+Howwa howwa onsaň...
-Aý ejem razy ekenimde sen... Göwnemänsiňdä. Menem...
+Häää diýmek sen olaryň ogluny halapsyňda!?
-Kaka gönülemesene, men şonsuzam bu sözlerime ýere girip bilemok...
+Gyzym. Aýdanlarymy diňle we diýenimi et. Bu gürrüň seň gelejekki ömrüňi, maşgalaňy, çagalaryňy çözer. Şol sebäpli ýekejede utanç haýalyk etmede maňa gös-göni gaty göni we dogry-dogry aýt. Seň gürrüňleriňden men netije çykarmaly, utanyp edip, aýtmaly zatlary aýtman galsaň meňem çykaran netijäm ýalňyş bolar. Gowy düşün...
-Bolýa. Howwa kaka, men şol oglany söýdüm, seniňem şu durmuş toýumuza razy bolup ak-pata bermegiňi isleýän.
+Bolýa gyzym. Men ak-patany bereýin, razy bolaýyn. Eger sen... Eger sen meň şu berjek soraglaryma jogap tapsaň.
-Bolýa kaka, sora...
+Gyzym, il-güne seret. Olar nähili ýaşaýarlar!? Men, meselem getirişdirerin, şol meselemlerim hem hökman bolaýjak zatlar, ýada eýýäm başgalaryň durmuşunda bolanzatlar. Ine senem akylly başly, ar-namysly, salyhatly gyz bolup ýetişdiň. Tüweleme, ola ýüzümi ýere salmak eken, il arasynda sen sebäpli ýüzüm çalajada gyzarmady, gaýtam "şeýle gyzym bar" diýip döşümi açyp gezdim. Guwanýan sana janam. Emma weli seň halan oglanyň... Ol pully baý öz-diýenli, kösenç görmedik çaga. Onsaň ine meselem getireli, bagt toýuň boldy. Birinji gijede köp oglan "dogumlanmak üçin" diýen bolup samsyk pikire uýup içen bolýalar. Hamala diýersiň "men erkekdäl, arak meni erkek etsin" diýen pikiri kellelerinde aýlaýanýaly. Ol oglan hökman içýändir, çekýändir, sen şoňa ýüregiň bulanman çydam edip biljekmi!? Jogap bermek gerekdäl, ýöne diňle! Içegen çekegen adamyň nesli kämahal kemterrägem bolaýýar, dogry bu ALLANYŇ barlagy, garşylygym ýok. Emma şeýle çaga dünýä inse, ilki bilen şoňa kakasy günäkär. Sebäbi kakasy arak çilim edýän bolsa çaganyň şeýle bolmagyna 50% kakasy günäli. Eger kakasy arassa bolsa onda beýle çaga ALLANYŇ barlagy, aslynda beýle ýagdaýda hiçkimi günälemäge hakymyz ýok. Onsaň birden şeýle çagany şu dünýä getiräýseň, şo çaga dünýeden gidýänça sen ony eklemäge, yz soruny süpürüp ýuwmaga razymy ýada taýynmy? Belki beýle bolmaz. Äriňem ärsiräp kellesine pul kakanda "çagam şeýle" diýip gahar edip öýe giç geler, ýada başga bozuklaryň ýanyna gider. Şonda şymjaryp eliňe goşuňy alyp gaýtmalydälde, äriňi agzybirlige çagyrmalydygyňy bilýäňmi? Belki gaýnyň azar berer, belki gyzlary, belki ýeňňeň, bellidäl, haýsysy azar berendede dikleşip gygyrşman ýuwaş oturyp sessiz ile bildirmän ALLAHA şükür dilemelidigiňi bilýäňmi? Äriň urar-söger, endamyňa gök düşer. Şonda gökleriňi görkezmek üçin ile endamyňy güjeňlemelidäldini bilýäňmi? Eger şu zatlara çydaman öýe dolanyp gelseň, meňem ýere girjegimi bilýäňmi? Ýene ýere girenimi bilip sen özüňe birzat etseň, meňem seň yzyňdan gitjegimi bilýäňmi? Şondan soň ol dünýä baryp soraga çekilenimizde soraglara jogap beripbilmän, "özümize kast edenimiz üçin" seň eljagazyňdan tutup bileje dowzaha girjegimizi we şo dowzahda ýanyp bişip ýene täzeden emele gelip döräp ýene ýanyp bişip baky şeýle gaýtalanjagymyzy sen bilýäňmi? Men seň durmuşyňa goşulanymdan soň durmuşuň başa barmasa seniň "kaka sen sebäp bolduň, sen günäkär" diýmejegiňi bilýän, emma şeýle pikir edersiň. Men şo pikirihem etdiresim gelenok. Inni seň içiňde uly şübhelilik bar. Şo şübheliligem, gara-erbetlige deňelýär. Şübheliligem bir keseldir. Gel inni sen gelejekki äriňi aldamada oňa dogryňy aýt. Oňa "içimde gara erbet kesel bar. Sen şondada meni almaga razymy!?" diýip sora. Şonda sen, onyň ärdigii ýada gara ýerdigini tanarsyň. Inni gyzym men saňa razylygymy, ak-patamy berýän. Islän ýigidiňe durmuşa çyk garşylygym bolmaz. Bilmeseň sora. Emma weli gaty gaty gaty, şeýlebir berk pikirlen, razylygymy gerekli ýere ulan...
Soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
Kakasynyň gyzyna soraglary.
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Menem sizden ötünç soraýan. Başga agzalar üçinem goýupdum.
-
yashalym
3 years ago
- Dost maña dogry düşünmänsiñ.
"Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär."👈 men şunuñ üçin ýazypdym
-
yashalym
3 years ago
- ön perhatdan bizardyk su yaly temadan
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Nikim bilen bile goýulupdyrmy ýada başga adam öz adyndan goýupdurmy?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Onda näme temalary maslahat berýäň!?
-
yashalym
3 years ago
- ýok sen nikinden goyulanok öñ ýöne okalan tema öñem paýlaşman basga yerde diyipsin welin şony
-
yashalym
3 years ago
- gowy temalar paýlaşyan kop açyan bloklan gowy gyzykly bolan wakalar ,hekayalar, romanlary goyuber dos
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ok. Göz-öňüme tutaryn!
-
yashalym
3 years ago
- öňem 1-2 gezek okapdym. awtory özüňmi? gowy ýazylypdyr.
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Howwa. Özüm.
-
yashalym
3 years ago
- gowy ýazypsyň, oglan hakyndada ýazda dost haýyş
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ýazypdym. Ol hem bar. Bloknotda dur. Ine goýaryn.
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- + + + +
yashalym 3 years ago- Bagyşla welin dost öñem köp ýerde okapdyk