Magtymguly etrabynda ýerleşýän «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumy» haryt bazaryny ýokarlandyrýar. Bu toplum 2006-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda toplum öňümçilik harydyny köpeltmek, hilini ýokarlandyrmak we ukyp bäsleşigini geçirmek boýunça degişli işleri geçirýärler, bu bolsa içerki bazarlarda öz netijelerini berýär.
Tikin önümçiligimizde öndürilýän önümler tikin we trikotaž önümleri esasan hem Nebitgaz, energetika pudaklary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň buýurma sargytlary esasynda öndürilýär. Şeýle-de önümçiligiň mukdary gün-günden ýokarlanýandygy bilen bagly iş orunlaryň köpelýändigini bellemek gerek. Häzirki günde fabrikler toplumynda 324 adam zähmet çekýär.
Geljekde meýilnamany ösüş depginini artygy bilen ýerine ýetirip durmakdan ybarat bolup, önümçiligiň täzeçil usularyna geçmegi bilen tikin we trikotaž önümlerinden çagalar we ýetginjekler üçin möwsümleýin dürli görnüşli önümleri öndürmegi maksat edinilýär. Şeýle-de bazarlarda önüm harytlaryň uly depginde satylmagy netijesinde, toplumda täze iş orunlar döredilýär.
Tikin we aýakgap toplumy önümçiligini ýokarlandyrýar.
-
BeZZaT.
3 years ago
- Yityanizay maksat
-
yashalym
3 years ago
- Siz žurnalist Maksatmy?
Реалист01 3 years ago- 8 yyl onki agza🤨