Adam tenine meňzeş çehol.
Adatça çehollary, smartfonda(telefonda) bolup biläýjek zeper ýetmeleriň öňüni almak üçin ulanylýar. Ýöne biziň bu etjek gürrüňümizdedäl. Pariždäki "Telecom ParisTec" uniwersitetindäki Fransuz alymy Mark Teýser üýtgeşik çehol oýlap tapdy. Onuň oýlap tapan çeholy, hakykatdanam adamyň endamyna(kožasyna) meňzeýär, hem elleseň elleriňi duýýar. Alymyň kellesine bu pikiriň, birden telefonyny çümmükläsi geleninde dörändigini aýdýar. Bu çehol dogrysy ýumşak hem birhilegräk. Öz birhilidigine garamazdan bu çehol, herhili herekedi ýagny: tyrkyldatmagy, basmagy, çümmüklemegi, hem çekilmegini duýýar. Göz öňüňüze getiriň. Eger siziň endamyňyz şol edilen hereketlere nähili täsir görkezýän bolsa, şu çehol hem şolarýaly täsir görkezýär. Pfffff mowzugam birhili birhili bolup žordan ýazdymooo. Ýasama, emeli ham(endam, koža) çehol öz eýesiniň duýgularyny duýup bilýär. Meselem birzada gaharymyz gelip çeholy mynjyratsak hamyň gyzaryşy ýaly çeholhem gyzarýar we gaharlanýar. Ýada çümmüklesek endam tikenek-tikenek, sypalasak köşeşýär. Mark Treýseriň aýtmagyna görä, adamlar wirtual aragatnaşykda edil hakyky ýaly duýgyny başdan geçirenoklar, emma çehol şeýle duýgulary çyna öwrüp biler. Çehol iki gat silikondan we olaryň arasyndan geçýän süýnýän simden ybarat. Koža basylanda elektrik razrýady üýtgeýär we şunluk bilen çehol edilen hereketleri tapawutlandyryp bilýär. Eýýäm şu wagt telefona, smart-sagatlara we trekpad noutbuklara çehol döredildi. Herhili basmaklyk, çekmeklik, çümmüklemek arkaly ulanýan zatlarymyzda, ýazyşamyzda duýgularymyzy görkezip bilers. Soň Treýser mylaýym, saçly, adamyň hakyky endamyna meňzeş çehol döretmegi meýilleşdirýär.
Internet sahypalardan alan: IDEALLIDER.
Adam tenine meňzeş çehol.
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Hercai! Ok:-)
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- +++
Hercai 3 years ago- sunyaly gyzykly zatlary goyup dur IDEALLIDER2+++:)