Mynasypmy? Barladyk! 6
Umyt sen men ýok gyzyň al-alkymyndan mylaýym sypalamak üçin, elini gyza tarap uzatdy. Gyz tisginip yza çekildi. Umyt ýene öňe süýşip elini gyzyň akja-gyzylja ýaňaklaryna golaýlatdy, gyz bu gezek gymyldamady. Umyt ellerini göýberip, sypalamak niýetinden ýüz öwürüp, bir az aňry süýşip gam-laýyna batyp:
- Sen hiçwagt adeal ýapynmaýadyň, hiçwagt kofýa içmediň, zatlara degmediň, başda gelende üsti-başyň görerýaly däldi soň çaltlyk bilen arassalandyň, men saňa degip görmedim. Sen näme??? - diýip sandyraýan sesi bilen gyza çiňňerlip sorady. Gyz näme jogap berjegini bilmän doňup galdy. Umyt ýene ellerini gyza uzatdy, eli gyzyň ýaňaklaryna degmedi, degdemde gyz edil howa ýaly, elleri ýaňagynyň içine girdi. Umyt gözlerine ynanman gyzyň eginden tutjak boldy. Elleri gyzyň içinden geçdi. Gyzda bolsa ýüzüni sallap durubermekden başga alaç ýok. Umydyň kalbynda, bir demde gahar, agy, gorky, belkem söýgi duýgulary döräp gyzy bagryna basmak üçin gyzy gujaklady. Barysy biderek. Edil howany gujaklaýanýaly. Umyt gyzdan gorkup yza ýöräp ýykylyp ýerde oturup, aňkarylyp galdy. Gyz bolsa ýuwaşlyk bilen:
-Bildiňmi? - diýip sorady. Umyt şol oturuşuna sesini çykarman dili tutulup, Umyt, özüne gelýänçä gyz sesini çykarman ony synlady. Umydam oturan ýerinden az-wagt gyzy synlapdurşuna:
-Sen, ruhmy? - diýeninde gyz aňyrsyna öwrülip Umyda eşitdirip gürrüňe başlady:
-Men, 4 ýyl mundan ozal bu dünýeden gitdim. Bilmedim nädip, men özümiň gapdalymdan ukuda ýatyşymy gördüm, emma başgalaryň aýdýan ak şöhlesi maňa görünmedi. Men bu dünýede galdym. Elbetde kakamam bu ýerde galypdyr, ikimiz hem bakylyga gidip bilmedik. - diýip bolan zatlary aýtdy. Umyt ýerinden turup gapdalda duran stula geçip oturdy. Gyz ýene gürrüňini dowam etdi:
-Kakam bilen ruh bolup tapyşanymyzdan soň, biz bu dünýede galanymyzyň sebäbini gözläp başladyk. Eden, etmedik işlerimizi birýandan ýatlap gözden geçirdik. Ahyry hem "Kakamyň, etmeli, uly ýagşylygynyň barlygyny" we meniň hem "şol ýagşylygy ýerine ýetirmek üçin galanlygymyzy bildik". Görüşiňýaly, menä kakamyň etmeli zadyny edip ýetişmänkäm rak keseline uçrap jan berdim. Mundan soň biz kakamyň magazinina gelip, şu ýerde işleýän gözegçi-garawula "şol edilmeli uly ýagşylygy etmeli" diýen karara geldik. Ýöne eşidişiňýaly olar arakhor, gorkak, ynsapsyzdylar. Şunluk bilen barlaglarmyzyň netijesiniň ahyrynda sen ähli barlagymyzdan geçdiň. Inni seniň baýrak almaly wagtyň geldi. Bagşla, ak-gelin bolup seniň ýoldaşyň bolup bilmedim. Emma... gel şu ýere! - diýip gyz magaziniň bir çüňkine baryp duruberdi. Umyt ýerinden turup gyzyň ýanyna barjagynam, barmajagynam bilmän pikirlenip duruberdi, gyz bolsa eli bilen ýer-poly görkezip:
-Ine şu ýerde kakamyň ähli gazanjy gömülgi. Gaz, al, aç, baý bol, gyz tapyn, ol gyz bilen toý et, öýli-işikli bagtly bol. Bu pullary diňe halal ýollara ulanjagyňa, kakam bilen men ynanýarys. Şonda biz dünýeden razy bolup belki nur döräp bakylyga giders. Inni hem hoşgal, belki görüşmers! - diýip gözden gaýyp boldy. Umyt gyzyň görkezen ýerine seredip, şol gün ol ýerik barmady. Ertirki güni agşam işe gelip, betonly poly kerkidir, lom bilen döwüp gazanynda bir demir gabyň üstunden düşdi. Ol demiriň boýy ini 1 metr. Gapagyny açyp göreninde, içi doly puldur gyzyllar, gymmat bahaly daşlar. Derrew demir gaply hazynany uly-uly paketlara boşadyp, öz jaýyna eltip goýdy. Boş demir gabyň gapagyny ýapdyda, aňyrky santehnikleriň jaýyndan döwük suw nasosy getirip demir gapyrjagyň üstünde goýdy. Ir bilen magazinda Umydyň başlygy gelip:
-Ohow Umytjan, eýgilikmi? Magaziniň bu ýerini nädäýipsiň? - diýip gözlerini elek-çelek edişdirdi. Umyt bolsa arkaýynlyk bilen:
-Huf agşam şu ýerde turba ýarylypmy nämemi? Aýak-aldygyna suw çykdy. Menem gazyşdyryp suwy bekläýin diýsem, asyl şu döwük nasosdan eken! - diýip döwük suw-nasosy görkezdide ýene sözüni dowam etdi:
-Magazini suw aldyrmajak bolup bu ýarylan krandyň suwyny zordan daşap ýetişäýdim! - diýip maňlaýyndaky derini süpüren boldy. Umydyň sözlerine ynanan başlygy monça bolup:
-Tüweleme göz degmesin Umytjan. Taňyrýalkasyn. Sen ýeriňe başga biri bolan bolsa "meň işimdäl, santehnigiň işi" diýip üstünden aýyrardy. Sen magazini halas edipsiň, sagbol. Agşam dynç alaý. Işede gelme. Rugsat berýän. Bar sagaman inni ýöräber. Galanyny özümiz oňarars! - diýip hoş bolup Umydyň egnine kakdy. Umyt begenip öz gözegçi jaýyndaky hazynadan bir az-owlagyny sumkasyna salyp işden çykyp öýlerine geldi. Öýünde öz komnatynda spalnynyň aşagyna sumkasynda getiren hazynasyny goýdy. Şeýdip Umyt her gün işden gaýdanynda az-azdan daşap, hazynalanyň ählijesini öýlerine getirdi. Geň-görmeli, ýöne Umyt, beýle baýlyga üýtgemedi-azmady. Ol şol öňküje häsýetinde galdy. Megerem "ÖLÜMIŇ EDEN IŞINI GÖZI BILEN" görenindendir. Gyz tapyndy we bagtly ýaşaşdylar. Gülälek we kakasy bu dünýeden razy bolup, asmana göterilip bakylyga düşdüler.
Hormatly okyjy. Mümkin bolsa eser barada öz-pikirleriňizi we teswirleriňizi galdyryň. Siziň pikir-teswirleriňiz gelejekde maňa has-dogry dürs ýazmagyma güýç-kuwwat berer. Okanyňyz üçin sag boluň.
Soňy. Gutardy. Yzy ýok. Tamam. Dowamy ýok.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
Mynasypmy? Barladyk! 6
-
Xyivenia
3 years ago
- Hic hili sozum yok gaty gowy eser. :)
19.04.2021 20:59
-
Hercai
3 years ago
- men pıkrımchede
-
Korolewa
3 years ago
- Gowy eser eken!
-
yashalym
3 years ago
- harry potter goz oňüme geldi
Gray_wolf 3 years ago- The eng, engladus, конец, конiц, siso, subva, salogo, jihř, nova, soñy, gutordy, kutardy, tugadi, bitdi))