Mynasypmy? Barladyki! 5
+Häzir eşigimi çalşaýyn. - diýip çala gynançly köp begençli eje, ýol şaýyny tutundy. Umyt bolsa telewizor gören boldy, aýdym diňlän boldy, ýöne weli begenjinden öýe syganokdy. Ine şeýdip mähriban ejesi ýola düşdi. Diýilen adresa baryp gapyny kakdy. Gapyny rus egin-başly ulurak bir aýal açdy:
-Salam, siz kim!? - diýip birsyhly sorady. Umydyň ejesi, rus aýal bilen gudaçylyk gürrüňini nädip başlamalydygyny bilmän, hemem sypaýçylygyny has gowy saklamak üçin aljyrap nämeler diýjegini bilmän aýtjak sözlerini unudup durdy. Ahyry hem diline gelen ilkinji sözi aýdyp göýberdi:
-Mennnn... Men salam. Neme, ol men ýitigimi gözläp geldim.
+Näme näme men düşünmedim!?
-Biziň çagalarymyz tapyşyp, şolaryň gelejegi barada maslahatlaşaýaýyn diýip geldim!
+Çagalarymyz!? Düşnükliräk aýdaýyňda!?
-Men gudaçylyga geldim! - diýip Umydyň ejesi janygyp düşündirjek bolýardy. Emma bu rus aýal:
-Kime?
+Siziň gyzyňyza!
-Gülälegemi? Biziň ýeke gyzymyz bardy. Olam... eýýäm dünýesini täzelänine 4 ýyl boldy! - diýip geňirgendi. Umydyň ejesi gyzyň adyny hem bilenoga. Ejesi näme, Umydyň özü hem bilenok. Umydyň ejesi gapyň agzynda duran ýerinden:
- Häzir bir minut oglumdan jaň edip soraýyn. - diýip telefonyna ýapyşdy. Gyzyň ejesi bolsa çala gaharly:
- Daýza, nirdendir birýerlerden gelýäňiz, birzadyňyzy ýitireniňizi aýdýaňyz, gyz ýok öýe gelip guda diýýäňiz, gyzyň adynam bilmän jaň etjek diýýäňiz!? Siziň aklyňyz bir ýerindemi!? - diýip gapyny batly ýapyp göýberdi. Umydyň ejesi duran ýerinde aňkaryp galdy. Gapyň aňyrsyndan ol rus aýalyň sesi gelýär:
- Alo, milisiýa. Gaýrat edip şeýle adrese geläýiňdä. Bärde bir aklyndan azaşan bar. Gapymyň agzynda dur! - diýip milisiýa jaň etdi. Umydyň ejesi bu gürrüňleri eşitsede, özüni dürsäp derrew umyda jaň etdi:
- Alo Umyt, Umytjan oglum. Sen adresi dogry berdiňmi, plany plany jaýmy?
+Howwa eje, şol dogry
-Wah oglum men şol adrese gelip gapyny kaksam bir rus aýal bar. Bizde gyz ýok diýýärä. Ýeke gyzymyz bardy. Olam 4 ýyl mundan owal dünýeden ötdi diýýär. Onsaňam gyzyň ady näme?
+Wah eje adyny soramandyrynda.
-Onda nameler edeýin oglum?
+Aýýý eje, gel bolmasa gaýdyber. Men hemmezadyň anygyna ýetip soň täzeden ugruna çykaýars! - diýip Umydam birgeňsi boldy. Ejesi tilki bolup yzyna gaýtmaly boldy. Umyt bolsa täzeden gamlanyp öýde pikire batyp otyruberdi. 3 sagat çemesi wagt geçeninden soň Umydyň el-telefonyna jaň geldi:
-Alo Umyt. Öýdemiň?
+Howwa başlyk öýde.
-Neme işe barlag geljek bolýa weli, işleri edip ýetişemzok. Kömegiň gerekweli, kyn görmeseň geläýda!?
+Bolýa başlyk häzir baraýaryn. - diýip Umyt eşiklerini geýip işe, magazina ugrady. Işe geleninde eýýäm barlag gelipdir, otaglara, magaziniň içine aýlanypýör. Başlygy Umydy görüp "Zatlary porýadkala" diýen üm bilen kellesini galgatdy. Umyt kassanyň ýanyndaky sakgyçdyr, süýjileri porýadkalady. Barlagçy ulurak aýal eken, kassiriň ýanynda bir az çaý içmäge otyrdy. Kassirçi gyz ol barlagçynyň jorasy bolup, olar çaý başynda gürrüňe başladylar. Ol barlagçy aýal:
- Jora her-hili adam. Bugün irden öýüme bir aýal geldä. Gelip gyzymyň elini sorady. Gülälekjanymyň merhumdygyndan habary ýokdurda, ýada akyly kemmi nämemi! - diýip kassir gyza derdinenini, saý sebäp bilen Umyt eşidäýse nätjek!? Umyt şol ýerde, gudasynyň şol barlagçy aýaldygyny bilip galdy. Ondada sesini çykarman pikire batyp ol aýala bildirmedi. Ol aýal gideninden soň Umydyň başlygy Umydy ýanyna çagyryp:
-Tüweleme sowdugaý. Ol barlagçy aýal şu magaziniň eýesi. Ol kemçilik tapsa kemçiligiň sebäpkärini işden çykarýar. Özi ýowuzrak aýal. Ýogsada sen baradada sorady.
+ Aha. Nämeler sorady? Sen nämeler diýdiň!? - diýip kellesi bulaşan Umyt başlygyna bildirmän, arkaýynçylyga salyp sorady. Başlygy:
-Sen gel şu stulda oturaly. Gel geç, seň bilen uzak gürrüňim bar! - diýip Umut bilen stullara geçip gürrüňe başlady:
-Sen bu magazinda birhili üýtgeşikzatlar görmediňmi?
+Aýýok, näme üýtgeşik zatlar bar!?
-Ýok ýok. Üýtgeşik diýip nemedällaý. Ýöne sen bärde bir ýylyň içinde 6-njy gözegçi. Senden öňkiler dälimi ýa alkaşmy bilemok, biri ruh bar, ýene biri güjügiň ruhy bar diýýär, how biriniň kellesidagy has beter gidenmi nämemi. Gyzyň ruhy bar diýip işden gaçyp gitdilerä. Men işe gelip menä hiçzat göremok weli, şolar gidensoňlara gaýdyp şu ýere bir gezegem hatda galanja goş-golamlaryny, dokumentlerini almagada gelmediler. Edil däliränýaly boldular. Tüweleme sen geň görmeli dogumly batyr ýigit bolmaly. Iň uzak işlän sen. Aý aslynda bu wakalar ýaňky barlagçy aýalyň gyzjagazy Gülälek, dünýesini täzeläninden soň başlady. Menem tüweleme seni öwdüm "Hiç sesi çykanok, akylly batyr gowy oglan" diýip öwdüm. Aýlygyňy galdyrmagy haýşt etdim. Bolýa onda sen gaýtsaňam agşama çenli bärde bolsaňam özüň bil. - diýip başlygy turup gidip işleri bile boluberdi. A Umyt... Umyt bolsa bir ýeriň aşagyna girýär, bir gaýnag suwa, bir buza, bir oda girýär, bir doňýar. Oglan "Bu bolýanzatlar nämezatlar, ol gyz, Baddi nä ruhmy" diýip aklyna sygdyryp bilmän köp otyrdy, ysgyndan gaçdy. Zordan bar güýjini jemläp, öz-gözegçilik komnatyna bardy. Şeýdip agşam düşdi. Umudyň bolsa şol-bir nokada jiňkerilip otyryşy. Agşam, ýene sagat 12:00 töweregi ýene magaziniň gapysy kakyldy. Umyt gorka-gorka gapa golaýlaşdy. Ol gyz gapyň öňünde dur. Umyt nämeler etjegini bilmän, uzak wagt gyza seredip durdy. Gyz hiçzatdan habarsyz, gülüp-ýylgyryp Umyda el galgadýar. Esli wagtdan soň Umyt gapyny açdy. Gyz içeri girdi. Umyt sen men ýok gyzyň al-alkymyndan mylaýym sypalamak üçin, elini gyza tarap uzatdy. Gyz tisginip yza çekildi. Umyt ýene öňe süýşip elini gyzyň akja-gyzylja ýaňaklaryna golaýlatdy, gyz bu gezek gymyldamady...
6-njy bölüm bloglar.ru-da
5-nji bölümiň soňy
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
Mynasypmy? Barladyki! 5
-
Hercai
3 years ago
- bloklar.ru achanok
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- bloglar.ru ýagny bloklar.ru-däl. Orta arasyndaky "G" harp bolmaly "K" harpdäl. bloglar.ru!:) Ok!?
-
Hercai
3 years ago
- sag bola achdy
-
Hercai
3 years ago
- gowy eken okadym kashka dowamy hem bolsady
-
Korolewa
3 years ago
- Dowamyna garashyas :)
-
Hercai
3 years ago
- dowamyny okajak bolsan bloglar.ru da bar eken menem okadym
-
Xyivenia
3 years ago
- Dowamyna garasyan
19.04.2021 18:55
yashalym 3 years ago- Uff ideallier2 gayrat etde elleñi avtamat etde doly goyayda😂😊 beter govy eser eken okap okap goyup blmk.Yzynam br bilesim gelyar....TUVELEME👍👍👍
#Halima