SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 12.
111. Prawa okuw sapagynda mugallym okuwçylardan:
- Ine siz maşynda gaty-batly ýolda barýaňyzsiziň öňüňizde 3 sany, çepde ýaş gyz, ortada garryja ene, gyrada ýaş oglan bar. Hiç ýere öwrülip bolanok, siziň çykalgaňyz ýok. Şonda siz näme etmeli?
+ Aýýý çykalga bolmasa garryny basmaly bolarda...
- Haýwanlar tormazy basmaly tormazy.
112. - Sen şuwagda çenli nämçün öýleneňok?
+ Aý ejeme görkezen gyzymy ejem halanok.
- Onda ejeň özüne meňzeş gyzy saýla.
+ Onam saýladym, onam kakam halanok.
113. Alty ýaşly oglan jigimi geýindirip daşaryk oýnamaga ugratdym. Bir az salymdan jigim oýnap begenip gülüp geldi we:
- Maňa daşarda bir daýza "Kurtkaň gyzlaňka meňzeş" diýdi.
+ A sen ol daýza näme diýdiň?
- Aý näme "Seňem murtuň kakamyňka meňzeş" diýdim.
114. Bir GAI bir maşyny saklap
- Seržant Meredow. Howwa onsaň nämçün remen dakylmadyk, özüňem telefonda gürleşýäň?
+ Seržant Meredow, erkekçe aýt, sen begeneňokmy???
115. Amerika Aýfon 12 çykardy weli Hytaýlylara eýýäm Aýfon 15-i çykarypdyrlar. Amerika yza galýa.
116. Raddomda üç gelin Nemes, Rus we Ýewreýiň çagalary bolýar. Çykjak wagtlary çagalaryny bulaşdyrýarlar. Şonda Nemes gelin "Handa Hok" diýipdir. Bäbejikleriň biri şol wagt elini galdyrypdyr nemes gelin ol bäbegi alypdyr. Rus gelin bolsa bir bäbegi alyp ýöräberipdir. Ýewreýka ol Rus gelini saklap "Sen özüňkidgini nädip bildiň?" diýip sorarsa Rus gelin "Nemes Handa Hok diýende meň bäbegimä ýumrujagyny gyssy, a seň bäbegiň pampersini hapalady" diýip jogap beripdir.
117. Bir daýza jorasynyň ýanynda çaý başynda ogluny öwýä:
- Meňä gyzylýaly oglum bar, içenogam, çekenogam, başga zatlaram edenok, toý zadada gidenok, aýlygynam getirip berýä, agşam öýdenem çykanok, ir bilenjigem turýa...
- Gyýw gyýw dur dur, agy şol ogluňa çöp dürtüpgör ölen bolaýmasyn birden.
118. Irden tursam diňe seni ýatlap oýanýan, gündüzlerine sen hakda pikirlenip gezýän, gijelerine uklamankamam seni göz-öňüme getirýän. Bergiňi beräýdä!
119. Bir oglan hapysarak eken. Ol bir gün swidanýa gitmänkä köp atr-duhi sepinipdir. Ýolda barýarka bir tanşy duşup, ol tanşyndan:
- Menden gülleriň ysy gelýämi? - diýip sorapdyr. Ol tanşam:
- Howwa. Ýöne güller derslenenýaly.
120. Iki sany talyp toýdan soň oýanyp biri beýlekisine:
- Eee Myrat, Myrat. Biz nirdaý?
+ Uhtyyy tokaýda jeňňelde öýdýän!
- Aý senemaý, nätdiňaý açkiňdäki ukroplary bir aýyr!!!
Internet sahypalaryndan we durmuşdan toplan: IDEALLIDER.
SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 12.
-
Korolewa
3 years ago
- Nireden alyanyz bulary?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Korolewa! Iň aşagynda ýazykdyr ahyry:)) sizemaý. Ýazypgy duranzady okaman nirden alýaňyz diýibilýäňizaý:))))
-
Yylgyn
3 years ago
- Ýylgyrtdy arasynda täzejelerem bar eken.
Adam
-
Korolewa
3 years ago
- Wii bagyshlam
-
Korolewa
3 years ago
- Wii bagyshlan
-
Korolewa
3 years ago
- :))
-
Korolewa
3 years ago
- Tertip sanlary bn goyyanyz welin, bir progdan alyansynyz oytdum?!
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Korolewa. Diýmek çalak çulak autistdirin😁
-
Hercai
3 years ago
- :))
++++++
-
Xyivenia
3 years ago
- 120. Iki sany talyp toýdan soň oýanyp biri beýlekisine:
- Eee Myrat, Myrat. Biz nirdaý?
+ Uhtyyy tokaýda jeňňelde öýdýän!
- Aý senemaý, nätdiňaý açkiňdäki ukroplary bir aýyr!!!
:D seydip guldim suny okap
17.04.2021 14:14
Korolewa 3 years ago- )))