SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 7
61. "Söýgi agyrysyz bolanok" diýip towşanjyk kirpijigi gujaklady.

62. Dälihanada bir däli çigit çigitleýär. Birje däne çigidi gaçyrypdyr soňam:
- Gel bärik!!! - diýip çigit dänejigi çagyrypyr. Soňra hemme çigidi ýere döküp:
- Baryňyz şony bärik getiriň...

63. Seň keýpiň ýokmy? Onda gitde başgalaryň keýpini bula! Nämçün olaryň keýpi bolmalymyş, a seňki welin bolmalydälmiş!?

64. - Gyzym magazina barypgelsene!!!
+ Hany jadyly söz???
- Internedi öçürerin!!!
+ Eýýäm ylgap barýan.

65. "Dälilere günde baýram, günde toý" görýänweli men dälidäl öýdýän.

66. Puluň, aýlygyň iki esse köp bolanyny isleýäňmi? Onda ol puly aýnaň öňünde goý. Aýna atly gyzyň öňünde goýsaňa tersine bolanja pullaryňdanam dynarsyň.

67. Adamlaryň barlygy hem gowy zat, käbirleri bilen gürleşip "Özümdenem beter haýwanyň" barlygyna şükür edýän.

68. Adamlaryň saňa el uzadanlaryny isleýäňmi? Onda hemişe ýanyňda çigit, sakgyç, salfetkajyk göter!

69. "Nirä barýaň?" diýip soramda "Häzir gelýän!" diýip jogap berýän diňe meň jigimmaý???

70. - Ýer togalak, aýlanyp dolanyp özüňe geläýýär!!!- diýip dogtar operasiýa başlady.

Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir