Gül ýetişmänkä-açylmanka... 7-nji bölüm.

...Sapa inni bu ýagdaýda nähili söz aýdyp näme etmelidigini, anyk, bilenok. Leýli ýarym ýaş bolup söze başlady:
- Düşün, men saňa bolan zady aýdaýyn. Gaty köp wagt geçmedi. Bir gün şu wagtkylarýaly işden çykyp gelýädim. Keýpim gowydy. Ömrüme guwanýardym. Birden gapdalymda bir maşyn gelip durdy hem adymy tutup çagyrdy. Men üns bermedim. Soň ol çagyran yzymdan ylgap gelip özüni tanatdy. Klasdaşym Bereket eken. Saglyk-amanlyk soraşdyk we ol meni doglan gün toýuna çagyrdy. Men razylaşdym hem onuň toýuna gitdim. Onsaň toýdan soň agşam ol... Düşün men gyzdäl. Ol haram doňuz... Men inni oglanlardan "Meniň ölüm-howply keselim bar" diýip gaçýan. Hemmekişä gyz gerek, boljagy bolan gerekdäl... - diýip elleri bilen ýüzüni tutup aglap başlady. Sapa doňňara-daşa öwrülip ünjä batyp "Ar-almaly, kanun meň tarapymda, ysan-perwerlik meň tarapymda. Häzir Berekediň ýanyna baraýyn, öldür-ýaly edip uraýyn. Soňam organ-işgärlerine tabşyraryn" diýip pikirlendide, Leýlini gujaklap:
- Adresini ber. - diýeninde oglanyň sesinden ot-ýalyn towsdy. Leýli Sapanyň gollaryndan sypyp, gözlerine dikanlap seredip:
- Ýok, hiç-zat gerekdäl. Ortada meniň abraýym bar. Biabraý masgara bolanymdan, ejemi-kakamy ýere sokanymdan garrap ýeke-ölenim gowy.
+ Leýli, sen maňa ynandyňa, ynanda ýene. Ejeň-kakaň, iller bilmez. Söz berýän. Maňa çigitýaly duýgyň, dyrnak ýaly sylagyň bar bolsa adresini ber!!! - diýip gygyrdy. Gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan oglanyň indiki hereketlerinden howatyrlanan Leýli adresi aýtdy. Hiçzat diýmän gözden ýiten Sapa aýdylan adrese gaty çalt geldi. Sagat irden 9:00 töweregi. Magazinleriň birinden gassap-pyçak alyp, pyçagy goşar bilen tirsek aralykda skoçlap goýup, üsdüni kostýumyň ýeňi bilen ýapdy. Barlanaýanynda Sapanyň bili, aýaklary, gurak-goltugy arassa. Oglanyň eýýäm gözleri-gana boýalan. Adress elitni etaž-jaýlar, aňrybaş goragly ýerler. Bereket şol etažlaryň birinde ýaşaýan bolmaly. Nomerler boýunça gözläp tapyp girdi etaža. Öňünden wahtýor çykyp saklanda "Bereket dostumyň ýanyna barýan. Köp pul bermeli" diýip lift bilen ýokary galdy. Baryp Berekediň gapysynyň agzynda telefonynyň diktafonyny işledip, soňra gapyny kakdy. Zordan oýaly-ukuly ysgyndan gaçan, elem-tas, üsdi başy spirtli içgilerden aňkap duran, daşyndan "Agşamky kebelejiklere" meňzäp duran bir gyz gapyny açyp:
- Pizzamy?
+ Ýok, Berekede pul bermelidim. Köp pul. Diňe özüne.
- Ojaýda. - diýip gyz aňrysyna öwrülip, zordan yrgyl-yrgyl-yrgyldap başga komnata geçdi. Diwana ýüzünleýin özüni taşlady. Sapa ýuwaşlyk bilen içeri girdi, gapyny ýapyp gulplap, açary hem aýyryp öz-jübisine atdy. Daş-töweregini synlady. Ideýänem ýok. Içeri garaňky, her-hili neşe-serişdeleriniň ysy gelýär, gyzlaryň içki-eşikleri her ýerlerde oklanylgy. Ýene her-ýerde jemi 3 gyz läjiräp ýatyr. Olary oýarman üslerinden ätleşdirip geçen Sapa Berekediň komnatyna bardy. Spalnyda ýarym-ýalaňaç ýatan Berekede golaýlaşyp ýuwaşlyk bilen goşaryndan ýalpyldap duran gassap pyçagy çykaryp bir elinde arkasynda bukup, Berekedi depip başlady:
- Bereket, aý Bereket. Oýanhow. Saňa pul bermeli diýdiler.
+ Şol stoluň üstünde goýda gaýdyber...
- Gördähow, sanada... - diýeninde Bereket ýatan ýerinden ýokarlygyna öwrülip:
- Kim ugratdaý seni. - diýeninden Sapa çaltjak Berekediň damagyna pyçagy goýup, gysyp kesäýmeli edip:
- Doglan günüň... Leýli... Maşynyň bilen toýuňa gelip, agşam doňuzlyk edeniň. Oýandyňmy? - diýip gaşlaryny çytyp gaharly gürläp pyçagy damaga has-da beter gysdy, belki bir damar tas-kesilendir...

7-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir