Gül ýetişmänkä-açylmanka... 6-nji bölüm.

...Gyzyň razylygyny alan Sapa baryp ejesine buşlaýsa nätjek!? Leýli bolsa diňe duşuşuklara razylyk berdigidi. Ýaşlaryň bir-birlerini görenine ýaňy 2 aý bolanam bolsa, gül ýetişse ýygnamalymy ýa şujagaz wagt az bolýamy bilerýalydäl. Sapa uzaga çekse gyzy almaklaram mümkin. Ýitirmekden howatyrlanan oglan şol günüň özünde ejesini sawçuluga ugratdy. Öň hem, başgada köp gelýän sawçulara Leýli öwrenşenem bolsa, Sapanyň ejesine we garyndaşlaryna hyzmat edeninde bir-syhly gaty aljyraýardy. Leýliniň ejesi "Pikirleneliň, habaryny soň aýdaýars" diýip gelen myhmanlary ugratdy hem Leýliniň ýanyna gelip:
- Gyzym, bu edişiň bolanok. Ýene berjek jogabyň bellile weli, oglanam senden rugsat sorapdyr. Sawçulara gaty köple weli, ol oglana nebsim agyrýar. Bu edişiňä bmoňlamok. - diýip gam-laýyna batyp, Leýliniň otagyndan çykdy. Leýli bolsa gynanmakdan ýaňa gözlerinden göz-ýaşlaryna derek damja-ganlar dökäýjek bolup, hiçkime bildirmän aglaýar. Elbetde Leýliniň ejesi hem maşgalasy, gyzyň bu syry barada çigit-ýaljak zadam bilenoklar. Diýerler köpler "Bir öýde ýaşabam, öz çagasy bolubam, naçar-gyzyň yzasyny duýmaýan enäniň gözlerine köz degsin". Emma... Leýli, şu halyna bagty açylmaly gyz begenmekden geçen, tersine hopugyp dünýä-sygmady. Ertesi iş wagty Sapa sms ýazyp duşuşuk belledi. Sapa öňki duşuşulan ýerde, diýilen wagtyndan 1 sagat öň, begençli, şatlykly, guwançly, az-wagt bagtly boljagyny bilsede ar-namysdan gaýnap-joşup bardy. Haýdaşlap gelen Leýli çala-gaty sesli, salam-seliksiz:
- Sapa men durmuş-gurmaga razy bolmadym, duşuşuklara razy boldum. A sen nämä düşündiň? Howwa, dogry aýdýan, duşuşuklaryň soňy hem toýa ýazar. Ýöne şondada dogryňy aýt "NÄSAG GYZY SEN BAŞYŇA ÝAPJAKMY!?" - diýip gözlerini çyglap skameýka özüni taşlap aňyrysyna bakyp otyrdy. Sapa ör-gökden gelip, erkek oglanam bolsa bu ýagdaýda näme diýjegini, nähili hereket etjegini bilmän esli wagt aňkarylyp durdy. Eýse näme, gyz begener öýdüp begençelrini paýlaşmak islän oglanyň öňünde ýarym-ýaş bolup gelejekki gelinligi otyrsa neneň bolar!? "Allah her ýerde beýik" diýen sözlemi ýatlan Sapanyň diline sözler öz-özünden gelip:
- Leýlijan, adyňa döneýin. Gorkma. Alla beýik. Hemmezat gowy bolar. Men razy, sen razy, eje-kakalarymyz dogan garyndaşlarymyz razy. Elbetde Beýik Biribar hem bize razy bolar. Nämçün razy bolmasyn. Biz haýr-iş edýäs. Şer bizden gaçar. - diýeninde Leýli "Uuuuffff" diýen äheňde asmana seredip, gözlerini bulutlara dikdi. "Sözsüz kalplar düşünşer" diýleni. Onyň beýdip asmana garaýşyndan "Allahym, bagşla meni. Mundan artyk jezaňa çydamaryn" diýilen ümi(hereketler bilen düşündirilýän ýagdaý=äheň, heň, ton) duýulýar. Sapa inni bu ýagdaýda nähili söz aýdyp näme etmelidigini, anyk, bilenok. Leýli ýarym ýaş bolup söze başlady:
- ...

6-njy bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir