Şu gezek käbämi taryp etmäge,
Galamdyr depderi aldym elime.
Ýöne galam golaýlanda kagyza
Sagindi şo bada, sebäbi näme?
Söz ýokmyka, enäň waspyn etmäge?
Pursat ýokmy, geçmişiňe gitmäge?
Sende dörän bu ençeme sowalyň,
Geçmişden taparsyň onuň jogabyn.
Emma geçmiş howsalaly görünýär,
Gazap dony bilen, üste sürünýär.
Şonuň üçin bu ynsapsyz ýürekde
Käbe sözi, bir parhsyz görünýär.
Şeýdip käbäň hakda ýazman goýarsyň,
Süýji-ýalan bilen, günäň ýuwarsyň.
Şu gözeliň waspyn etsene, şahyr!
Galamyň ýüzdirsiň, göýä bir Tahyr.
Emma käbäň waspyn etsene, şahyr!
Kösener, ýazmaga söz tapmaz pahyr.
Ýöne şuny pikir etsene ahyr:
“Sende jan döreden,
Käbäňdir pahyr...”
4.04.2021.ý.
Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW.
"Käbäňdir pahyr..."
-
Korolewa
3 years ago
- Gowy duzupsin.
Like+
-
korpejik
3 years ago
- Haladym birhili gozume yash gelli :'(???....
-
Mr.WriTer
3 years ago
- SagBoluň, size ýarasa meň işimiň ýerine düşdügi...
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- PLUS /_/ @SHAHYRANA
-
Nazarhann
3 years ago
- Mr.WriTer sen düzdüñmi muny ? Şahyrmy senem ?
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Nazarhann 19 minutes ago
Mr.WriTer sen düzdüñmi muny ? Şahyrmy senem ?
Howwa diňe bu däl, başgada goşgylam
bar. Nä geň gördiňläý?!
-
Nazarhann
3 years ago
- Ýokla hou, gou bolupdyr
-
yashalym
3 years ago
- Gaty gowy bolupdyr dos
-
Mr.WriTer
3 years ago
- SagBoluň, okyjylar halasa boldy...
Korolewa 3 years ago- “Sende jan döreden,
Käbäňdir pahyr...”