Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury “at” bolup, dünýäm!

Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?

Gijeler — garaňky.
Aý, bul-a geň däl!
Ýöne gündiz Günem — adaty Gün däl...
Ýaşamak şeýle kyn, bagtdan müň däl,
millionlarça gezek ät bolup, dünýäm!

Söýgini “B”-den däl, başlapdyk “A”-dan,
Ýa sen juda gyrpa, men çöňňe ýa-da...
Birmahal ýüregňi eýelän adam
Galybermelimi ýat bolup, dünýäm?!


* * *

Ýatlamalaň garasy bar, agy bar,
Hemmelerde bolşy ýaly, mende-de.
Gaýtarga garaşman, söýdüm ýördüm men
Hem söýüldim duçar bolup minnede.

Arzuwlarmy ezip goýdum birehim,
Ahmyr bolup yzygider damyp men.
Bir ýerlerden urup çykmazy ýaly,
Kän ýygşyrdym armanymy dymyp men.

Göwnümi gön edip eýledi yşkym,
Derdinden ýer urup, ýerde sermendim.
Peşmek ýaly togarlandym ýollarda,
Körem mendim, lalam mendim, ker mendim.

…Çirksiz umytlaryň ujy gädildi,
Gidip barýan gussalarda ykmana.
Men bir işigaýdan – göwni bölünen
“Gelin bolman, gädiginden jyklana”.

* * *

Indi biz bu ýola haçan geleris?
Gelmeli, çyn bolsa Ýeriň şardygy.
Seni-hä bilemok, men ge:rin hökman,
Köneje duýgulaň şine ýardygy.

Artykmaçlar typyp gidýär ykbaldan,
Biri-birimize artyk däl-ä biz!
Maksadymyz birkä, göwnümiz birkä,
Haýran galýan, ters geldikä nämämiz?!

Saňa duşan günüm bilen ýaşytdaş
Söýgi hälem ýitirenok yssysyn.
Gel şo ýola, üşemesin gursaklar,
Göwün bölünmesin,
Ýürek gysmasyn.

Biz — söýginiň täzelenýän ýarasy,
Bir-bireksiz asla bitemzok biz.
Şondan bäri ikimizem bitin däl,
Biri-birimize ýetemzok biz.

* * *

“Sen ýok.
Bir gün gadryň biliner...”
(aýdymdan)

Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär...
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi...
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkider meni.

Adam-da... küýsegden bagryň dilinýär...
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär...

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir