Juda giç duşuşdyk...
Barybir, duşduk.
Didelerim ogşap aldy ýüzüňi.
Tolgunmakdan sandyraýan barmagňa,
Ah, aslynda men dakjakdym ýüzügi.

Ýöne ýene şükür, solmandyr meňziň,
Gözleriňde görünenok gussa-gam.
(Hak söýginiň kanuny bar şeýleräk:
Biz söýgüde utulsagam, utsagam,
Oňa diňe bagty arzuw etmeli,
Ak ýol dilemeli.
Menem şeýderin!)
Gözleriňde görünäýse damja ýaş,
Ony bagtyň gözýaşydyr öýderin...
Hoş gal, gülüp ýaşa, sag bolup ýaşa,
Birmahallar öz bagtymdyr öýdenim!..


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir