Ogurlañ! 
(Ýaş şahyrlara degişme) 

Leýis kylyp ozaldanam bol zady 
Ejiz şygyrlary asla dogurmañ! 
Meñzetme gerekmi ýa düýpsüz many? - 
Hanha, Pyragynyñ gazna-diwany 
Garşy däl ol, - halta-halta ogurlañ! 

Pyragyny az görseñiz Puşkin bar. 
Aleksandr Sergeýewiç pent kylan, 
Walla, onuñ dil hatam bar:"Kimde-kim 
Eýgerip bilmese poeziýañ ýükün 
Meñkiden aparsyn lükgesi bilen!" 

Puşkinem az! 
Onda ine Nowaýy, 
Şewçenko, Şekspir ýa Mollanepes! 
(Onsoñam näme kän? Dessan-u-epos!) 
Hersinden bolmanda bir bent goparyñ 
Aparyñ, how, aparyñ! 

Eýgerdenok? 
Alyñ onda meñkiden! 
Hawa, hawa, oñlasañyz, ogurlañ, 
Meniñ şygyrlarym şygyrlañ pesi, 
Ogurlansa göge ýeter depesi!.. 
Ýöne has köpeldip öñem bol zady, 
Şondan ejiz şygry welin dogurmañ! 

Annaberdi Agabaýew.

Edebiýat, Zalymm tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir