Mowzuk ýaýratmagyň iň aňsat usuly (kopy paste)

Köpimiziň bilşimiz ýaly mowzuk ýaýratmagyň iň aňsat usuly kopýa etmekdir. Özüm mowzugy kopýa edip ýaýratmak üçin 2 sany programmadan peýdalanýan

1.Akylly türkmençe klawýaturasy
2.Clisboard History

Säbäbi
1.Akylly türkmençe klawýaturasynda türkmen dilinde aňsat mowzuk ýazyp bolýar (ýöne diňe 1 mowzugy kopýa edip bolýar ,beýleki klawýelar 20 mowzugy kopýa edip saklap bilýär.)
2.Clisboard history bolsa hemme kopýa eden mowzuklaryňy özünde saklap bilýär.

Indi esasy meselä geçeliň

1. Kopýa etjek mowzugyň üstüne basyp saklap "Копировать " basmaly

Eger mowzugyň hemmesini kopýa etjek bolsaň "Выбрать все " basyp soňra "Копировать " basmaly

2. Soňra mowzuk ýazjak ýeriňe meselem bloknoda girip klawýadaky "Sazlamalar" girmeli

3. "Gurallary gör " basmaly

4. "Giriz" basmaly

Eger başgada kopýa eden mowzuklaryňyzy ýazmak isleseňiz

1. Telefony ýokardan aşak syrmaly
2. Clisboard history girmeli
3. Kopýa etjek mowzugyňy saýlamaly
4. Soňra klawýadaky "Sazlamalar"a girmeli
5."Gurallary gör "girmeli
6."Giriz " basmaly

Ine şu usullar bilen mowzuklaryňyzy aňsatlyk bilen ýaýradyp bilersiňiz.

Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň .

Taýýarlan : Gerçeknazar
Çeşme : Bloglar.ru

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir