"Eje hakda, ýazmadym ýene"
Ençe goşgy döretsemde ýürekden,
Ýeke goşgam "Eje" hakda ýazmadym.
Gaýtam ýazdym, ýaş söýgini wasp edip,
Ol söýgiden derek barmy, bilmedim.
Görmek üçin diňe, dostlarmyň göwnin,
Işleýärdim hem ýazýardym kösenip.
Emma meni adam eden ejeme
Ýeke setir ýazmadym men begenip.
Heý beýlede ynsap bormy diýsene,
Söýjek bolsaň, bar "Ejäni" söýsene!
Bir gezek görüşip, ýüz setir ýazman
Bar, onýança ejeň göwnin görsene!
Eýsem eje dälmi seni ulaldyp,
Kiçijek, çyrçykly çagalygyňdan,
Adam etmek üçin daşyňda ylgap
Özi iýmän hem-de geýmän geýdirip
Seni şeýdip adam edensoň ejeň,
Senem "Ejeň" ýaly akýürek bolup,
Ejeň göwnin göter, heýjana getir,
Kalbynda bitiren ýeketäk şahaň
Görkez,
Miweside kalby ýaly päkligin.
Asla ol hakda pikirem etmän,
Üstüne gygyrýaň, diýenin etmän.
Onsoň senden ogul bormy, eý ynsan
Mukaddes ejeňe, göýä sen duşman.
Menden öňkilerem geçipdir aýdyp:
"Jennet eneleriň aýagnyň asty"
Şeýdip, ene Jennetdenem beýikkä, Jennet dek durmuşda,
Ýaşanok ene?!
Näçe ýazsaň, ýazybermeli ýene,
Sebäbi dumuşyň bezegi ene.
Şu ýazanlaryma, gözüm aýladym,
Düşündim: "Eje hakda, ýazmadym ýene!"
26.03.2021.ý.
Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW.
"Eje hakda, ýazmadym ýene!"
-
Pegas
3 years ago
- Men bezzatdym.
Ýok, kezzapdym.
Kejirdim.
Ne gündiz, ne gije dynç aldyň menden.
Öwütlerňi — söýgi bilen ýugrulan
Gulagymyň ýelesinden geçirdim.
Sen hiç y:njalmadyň,
Ynjaldyň menden.
Goňşy çagalaryň eden etmişin,
Asla kakamda-da geçirmedigňi,
Üstüne abanyp özge dogrulaň,
Otyrkamam başujunda etmişiň,
Meň ähli günämi geçirmediňmi?!
Bu dogrumy ýa ýalňyşmy — bilemok,
Belki, bolup bolýan däldir başgaça.
Öz dünýäňden ýene dünýä dogrubam,
(Häzir çynym aýdýan, häzir gülemok)
Eje, şu ejeler maňa tapmaça.
Özüm deý kelpeze kän duşup indi,
(Özümden kän esse beterlerem kän)
Özgelerden artyk söýlen ogullaň
Hiç kimçe-de bolmaýanna düşündim.
Ah, ýöne özüme düşünermikäm?!
Çünki çykyp howlymyzyň çäginden,
Özbaşdak durmuşa girenim bäri,
Bildim, hatarynda däl men gowulaň,
Meniň göwnüm, ýagşy-ýaman pälimem
Senden başgalara geregem däldi.
Hem-ä senden gaçyp gaýtdym, mähriban,
Hem seniň mähriňe zar boldum, eje.
Men — hem gaçan, hem ýanyňa howlugan,
Ýöne, barsam, adam bolmam ähtimal,
Ah, barsam, men küje, adamlyk küje!
Meni söýgiň üçin bagyşla, eje!..
Sapa Hommadow
-
Korolewa
3 years ago
- @Mr.Writer, @Pegas goshgularynyz oran gowy cykypdyr! Galamynyzyn ujy yiti bolsun. Yene-de yetirip durun ajayyp goshgularynyzdan!
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Köp, köp sagboluň!
-
DeatH
3 years ago
- Gaty gowy bolupdyr dos mlds
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Sagbol dos!
Arzuwum 3 years ago- Üstünlik. Gowy çykypdyr goshgyñ 👏👏