Öllense leblerim gözüňden akan ýaşa,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.
Kalbym ýerinden oýnar adyňy her tutuşda,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.


Ne baharda gelersiň, ne ýagmyrda, ýagyşda,
Belki menem aglaryn gözlerim her doluşda,
Bu söýginiň ýelleri az hem bolmazla başda,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.


Geçse sensiz bir ömür adyň galsada daşda,
Damjalar seni ýatladar, her ýagan ýagyşda.
Men diňe seni söýdim, hem baharda hem gyşda,
Men seni şeýle söýdim, günäm bolsa bagyşla..!


Awtory: Bägül Baýramowa

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir