Ýa Ýaradan, budur senden dilegim:
Dogany dogana, mätäç eýleme.
Iki gözüň, ikisi hem dür görsin,
Sag gözi - sol göze, mätäç eýleme.
Adamyň adamdan parhy köp eken,
Baýlar mydam abraýdan dok eken
Durmuş ýollarynda hile köp eken,
Pukara bendäňi,
Baýa mätäç eýleme.
Herkes öz elinden iýsin çöregin,
Mätäç bolup, tapyp bolmaz geregiň.
"Ýa Biribar, saňa mätäç bolaryn:
Emma adamzada mätäç eýleme!"
23.03.2021.ý.
Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW.
Mätäç eýleme!
-
Arzuwum
3 years ago
- gowy goşgy
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Sag boluň!
-
ODINOKIY
3 years ago
- jigim magtymguly pyragydan alypsyña birinji setirini,ile ôÿkùnme ôzùñçe ÿazyp ôsjek bol
Wonderfull 3 years ago- 👍👍👍👍