AKYL HEM-DE GÖZELLIK
Akyl bilen gözelligiň arasy,
Asman ýaly beýik, zemin ýaly pes.
Emma ýigit gözelligiň aşygy
Gözelligi bolsa galan zady bes.
Gözel gyzyň hyrydary köp bolar,
Ýigitler yzynda göýä it bolar.
Emma gözel gyzyň zalym ýüregi,
Puluň bolsa misli akar suw bolar.
Diňe gözellikde ýigdiň gözleri,
Düşünjesi barada etmeýär pikir.
Emma gözel gyzyň gözi puluňda,
Seni söýmez, puly söýer aslynda.
Garyp ogul kemsinme sen hiç wagyt,
Alla berse berer bagytdan tagyt.
Gözellige imrinme sen hiç wagyt,
Aklyny söý, akyl iň uly bagyt.
Gözellik bir myhman bolar gözele,
Emma akyl gitmez hijem zelele,
Gözellerem söýüň, gözel dällerem,
Iň esasy akylyna eýeriň.
16.03.2021.ý.
Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW_(özüm)
AKYL hem-de GÖZELLIK
-
Lagly
3 years ago
- Örän manyly goşgy haladym. Şeýle goşgulary ýazyp ýetirip duranyňyz üçin sag boluň. Geljekde-de üstünlik
-
Mr.WriTer
3 years ago
- @Lagly sagboluň, nesip bolsa...
-
Arzuwum
3 years ago
- gowy goşgy bolupdyr
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Arzuwum 10 hours ago
gowy goşgy bolupdyr
Sagbol kärdeş)
Mr.WriTer 3 years ago- Tankydy belliklerňize garaşýan!