Herimiz ahyretiň yolagçysy başgaça bolup hem bilmez. Her kim bir ýere gidende yolda we giden yerinde özüne zerur bolan zatlary alar,artykmaç zat almaz. Gerek bolmajak zady almak akmaklyk bolar. Dünyädende, ahyrede gerek bolanlary almak gerekdir. Iň akylly ynsan, ölüme taýýarlyk görýändir. Iň akmak, dünýäni söýenlerdir.
* Ynsan bir ýere gitmek üçin, bir yerde ulaga müner, başga bir yerde hem düşer, dünya hem şoňa meňzär. Ýöne, ulagyňyzy dogry saýlap müniň. Giden ýeriňiziň soňunda Jennet ýa Jähendem bardyr.
* Şeytan diýmek,bu daşlaşdyryjy diýmekdir. Allatagalaň söýgüsinden,merhemetinden daşlaşdyrýan zatdyr. Üç dürli şeytan bardır. Birinji şeytan Iblisdir ol Allah rehimdardyr,bar günäňi geçer diýip adamlary günäň içine atar. Ýöne ynsan oňa gulak asmasa ol alaçsyz gider. İkinji şeytan nebisdir,bu has güýçlidir. Iblis ýaly senden aýyrlyp gitmez.Ol örän aldawçydyr irmän-arman şol bir zady gaýtalap seni alladar. Üçünjüsi has kuwwatlydyr,bu ýaramaz dostlardyr. Dünyäda utançda goýar, ahyretde Dowzaha salar. Ynsanyň imanyny ogurlar welin,ony ol adam hatda duýman galar. Şeýle dostlara telewizor,kitap, gazet,internet, her hili oýunlar diýen ýaly zatlar degişlidir.
* Ynsanyň daşyny gabap imanyna howp salýan dört düşmany bardır; Sagynda şeytan, çepinde nebis, arkasynda erbet dost, öňünde dünýadir. Dünýa bu ýerde olara ýol görkezjidir.
* Ynsanlar duşmanyny daşyndan gözlär,ol bolsa öz içindedir. Bu düşmanda onuň öz nebsidir.
* Kim kime, näme bil baglasa kömege şondan garaşsyn.
* Dünýäniň iň uly, iň akmak mahlugy, ynsanlaryň nebsidir. Her islegi özünedir,isleýäni bolsa haramlardyr . Nebis mydama zyýanly zatlary islär. Allatagala buýrýar:
Eý ynsanlar nebsiňize düşman boluň. Çünki nebsiniz, meniň düşmanymdyr.
Emrime uýan Jennete, uýmaýan Jähenneme gitejekdir.
* Ybadatlaryň peýdasy Allatagala däl herkimiň özünedir.Doktor, bir näsaga derman berse, dermanyň doktora peýdasyda yok diýip dermany içmezlik akmaklykdyr. Zäher içsem doktora näme zyýany bar diýip zäher içmeside akmaklykdyr. Şonuň ýaly günälerimiň Allaha bir zyýany yok diýip, her hili günä etmek hem gowy däldir. Öleniňden soňra başyna gelejekleri pikir etmeýäni akylly diýip bolarmy?
* Yalňyş ulaga münen, islän ýerine däl,ulagyň giden ýerine barar. Meselem Parije giden uçara münen Käbä baramaz.
* Ynsanlaryň köpüsiniň islän zatlaryny edip ýörmesi, islän durmuşynda ýaşamagy seni ýalňyşdyrmasyn. Sen ýeke özüň öljeksiň,ýeke özüň gabyra girjeksiň, ýeke bolup öz hasabyňy berjeksiň. Sen dini, imany, Allahyň buýran we gadagan eden zatlaryny unutdyň,ýöne seniň özüň unydylmadyň,bar zadyň hasaby bardyr.
* Syrat köprüsinde her kime 7 zatdan sorag soraljakdyr, jogap beremeýän dowzaha düşjekdir. Bular; iman, namaz, oraza tutmak, zekat, haj, gusul ve gul hakydyr. Yedinji soraga çenli gelibilmek örän kyndyr. Yedinji sorag hem örän kyndyr. Peygamberler günäsiz bolsalarda olar hem bu soragdan gorkarlar diýilýär.
Akyl pikir et her haçan ...( Magtymgulydan)
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- "Iň akylly ynsan, ölüme taýýarlyk görýändir. Iň akmak, dünýäni söýenlerdir."
Gowy pikir
-
maksat00
3 years ago
- Syrat köprüsinde her kime 7 zatdan sorag soraljakdyr, jogap beremeýän dowzaha düşjekdir. Bular; iman, namaz, oraza tutmak, zekat, haj, gusul ve gul hakydyr. Yedinji soraga çenli gelibilmek örän kyndyr.
Bäş-alty aýlykda iliñ-gunun hormat goýýan işanagalarmyzyñ biriniñ enesi dunyeden gaytdy. Patasynda otyrkak, işanaga gul haky barada gurruñ gozgap,
oz musulmanyñ bn algy-bergili bolsañ, bakyýetde algydar bolsan, bergidaryñ sogabyndan alynjakdygyny, sogaby ýok halatynda bolsa algydaryñ gunasini bergidaryñ ustune yuklenip algy-bergini uzulişjekdigini aytdy. Yone gayry dinli ya-da ynanjy bolmadyklara bergili bolsan welin imanyñ sorajakdygyny nygtap aytdy. Gul haky baradaky gurruni gutarup-gutarmaka kella bir pikir geldi. "Näme un işanaga uly yoly palatka dikdirip yapdyrypdyr. Name indi şol yolun ugrundan howlugyp baryan gayry dinli ya-da dini ynanjy bolmadyklar, palatkany gorup yzyna gaydyp, yoluny uzaldyp başga yoldan gecmedimikaler. Name işanaga uly yoly merhumyn yedisi sowulyanca yapyp, yoly arenda alypmy. Name yoly yapsan gul haka girmeyamişmi." Soñ yene oz-ozume gowunlik berip, "mollan edenini etme diyenini et" diýagede, ayat-towur okap cykyp gaytdyk.
-
Barbary
3 years ago
- maksat00
Aslynda şol 3si,7si,40 y diýip goş basyp ýatmak hem dinde ýok zatlar,Allatagalaň beren ömürni ýaşap gidibermeli her kim,her kimiň özi ahyretiniň aladasyny etmeli soň onuň yzynda goş basyp näçe wagt oturşaňam sen onuň okamadyk 1 namazynyň,ýa tutmadyk 1 gün orazasynyň ýerini doldurjak zadyň ýok. Gul haky barada aýdanlaryň bolsa eger niýetiň gowy bolsa,bir bolmaýan zat bolsa aýtmaly,ýöne niýetiň dawa bolsa aýtmanyň gowy.
Arslanova.L_05 3 years ago- +++like saol yetirenine