Jümlämi ýürekden etjekdirin beýan,
Gel ýarym, nedir sözüm, diňlegin aýan,
Gülüm, herne isteseň berem bigüman,
Köňlüňe ýara saldym, bagyşla meni.
Seniň ýylgyryşyň bir ajayp mukam,
Bakyşyň eýeledi kalbymy mäkäm,
Sözleriň bardyr müň bir derdime derman,
Gadryňy bilmedim seň, bagyşla meni.
Şükür Alla, sen deyin güle uçradym,
Şol gül wysalynyň yşkyna düşdüm,
Janymy, janan, yoluňa harç eýledim,
Boýun alýan ýalňyşdym, bagyşla meni.
Däli köňül bir ýaryň göwnüni alsaň,
Bir jan hem bir ten bolup, söýseň, söýülseň,
Seni unutmak üçin söýmedim bilseň,
Kylma meni intizar, bagyşla meni.
Leýli Amanowa
14.03.2021ý
Bagyşla meni
-
Manikarnika
3 years ago
- Mister X yok-la gy ozum un yazamoga muny basga birine yazyp berdim
-
yyldyz.
3 years ago
- Bagysladym :)
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- xixi bagyshlayan onna
-
LÄLEJIK_GYZ
3 years ago
- +++++++
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Leýlişka, şahyrçylyk tarapyñam zor eken :)
Maña bir gowy "aşk" goşgusy gerek kömek edermiñ?!
-
Manikarnika
3 years ago
- Akif Pegas maňa taryhyny oka diydi
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Mañada Türkmen-dilini
-
Manikarnika
3 years ago
- Shon un gosgyny goymaly boljak
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Men-ä, goýdym
-
Manikarnika
3 years ago
- Dogry edipsin Wiy yogsa-da maňa duzen gosgyn yadyndamy?
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Heyem bir ony unudyp bolarmy.
Bamy häzirem şol goşgy. Ýygnap goýjak diýipdiñ?!
Mister X 3 years ago- Bolya bagyshladym diydimi