Nadanyň umydy
Akmagyň ýüregi dilinde bolar.
Akyllynyň dili ýüregindedir.
Eli işe öwrenmedik baýaryň
Gözi mydam iliň çöregindedir.
••••••••••••••|•|•••••••••••••••Ata Atajanow.
Nadanyň gözleri çöregňe bakar.
Törüňde oturan ýüregňe bakar.
Halal zähmet çekip alan aýlygňa
Nadanlykdan ýaňa janyny ýakar.
Nadan bakar, nadan ýakar janyňy.
Emma özi ýanyp gitmez nadanyň.
Ýyllar boýy ojagyň toplan rysgyny
Bir salymda harap eder ýygnanyň.
Şeýle bir kyn, abraýy gazanmak.
Abraý gazanyp, ile tanalmak.
Emma ýagşylykda tanalan adyň
Ýere çalar ýaman ýerde görünmek.
13.03.2021.ý.
Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW_(@Mr.WriTer)
Nadanyň umydy
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Goşga öz garaýşyňyzy ýazmagyňyzy haýyş edýän.
-
Nirvana
3 years ago
- Nadan bakar, nadan ýakar janyny.
Nadan bakar, nadan ýakar janyňy.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Nadanyň gözleri çöregňe bakar.
Törüňde oturan ýüregňe bakar.
Halal zähmet çekip alan aýlygňa
Nadanlykdan ýaňa janyny ýakar.
- - - - - - -
[Nadanyň gözleri çöregňe bakar.]
Özi gazanmaga 6altanyp señkä göz diker manydamy?!
[Törüňde oturan ýüregňe bakar.]
Bärde "ýürek" maşgalañ(aýalyñ) manysyndamy?!
[Halal zähmet çekip alan aýlygňa
Nadanlykdan ýaňa janyny ýakar. ]
Bärde-de göriplik eder diýen manydamy?!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Nirvana, "janyny" ýa-da "janyñy" meňem bilesim geldi, sebäbi birje "ñ" harp, bir bent goşgyñ manysyna täsir edip duran ýaly.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Şeýle bir kyn, abraýy gazanmak.
Abraý gazanyp, ile tanalmak.
Emma ýagşylykda tanalan adyň
Ýere çalar ýaman ýerde görünmek.
_ _ _ _ _ _ _ _
1-2-nji setirler 10 bogun
3-4-nji setirler 11 bogun
Okañda-da bildirýändir.
Şeýle bir kyn[dyr], abraýy gazanmak,
Abraý[y] gazanyp, ile tanalmak.
Emma ýagşylykda tanalan adyň
Ýere çalar ýaman ýerde görünmek.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Soñky bendi ýokarky bentler bilen "many taýdan" nähili birleşdirdiñ?!
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Nadanyň gözleri çöregňe bakar.
Törüňde oturan ýüregňe bakar.
Halal zähmet çekip alan aýlygňa
Nadanlykdan ýaňa janyny ýakar.
- - - - - - -
[Nadanyň gözleri çöregňe bakar.]
Özi gazanmaga 6altanyp señkä göz diker manydamy?!
Howwa, bärde gep ýaltalyk däl-de göriplik, saçagyňdaky berekediňe göz gyzdyrýar, gözi gidýär ýaly manyda
-
Mr.WriTer
3 years ago
- [Törüňde oturan ýüregňe bakar.]
Bärde "ýürek" maşgalañ(aýalyñ) manysyndamy?!
Howwa maşgalaň, aýalyň manysynda.
-
Mr.WriTer
3 years ago
- [Halal zähmet çekip alan aýlygňa
Nadanlykdan ýaňa janyny ýakar. ]
Bärde-de göriplik eder diýen manydamy?!
Howwa göriplik eder, göribilmez diýen manylarda.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Şahyryñ beýan etmeknislän zatlaryny okamagy başarypdyrynda onda :)
-
sssss_1
3 years ago
- Hmmm şahyr mamla! Nadanyň aýgyňdan asylyşy iňňän ýakymsyz ýagdaý.
Awtor sagbol goşgyň many taýdan gaty gowy, ýöne çeperçilik taýdan biraz pes.
Şeýle bir kyn, abraýy gazanmak.
Abraý gazanyp, ile tanalmak.
Emma ýagşylykda tanalan adyň
Ýere çalar ýaman ýerde görünmek.
gazanmak
tanalmak
görünmek
(Ine şu setirleriň soňundaky sözler özara kapyýalaşmaly-da).
/Ýolagçy/
-
Mr.WriTer
3 years ago
- @sssss_1
Nesip bolsa üstünde işläp ýörün, mundanam gowy bolup çykar.
Arzuwum 3 years ago- Mlds,