Ýakudystan türkleri we saha
Ýakudystan, ýa-da bolmasa Saha Respublikasy Russiýanyň federatiw respublikalarynyň biri bolup durýar. Ýakudystan Russiýanyň çäkleriniň takmynan bäşden bir bölegini tutýar hem-de onuň ilatynyň aglabasy ýakut türkleridir. Bu türk awtonom respublikasynyň paýtagty Ýakutsk şäheridir.
Ýakudystanyň ykdysadyýeti
Ýakudystan almaz, altyn, kümüş, mis ýaly ýerasty gymmatbahaly metallara baýdyr. Olar ýurduň eksportynyň esasyny düzýärler. Ýakudystanyň ýaşaýjylarynyň esasy serişdeleri balykçylykdan we sütükli haýwanlary awlamakdan ybarat. Belkalar, pesesler, samyrlar, şeýle hem balyklaryň seýrek duş gelýän görnüşleri ýurduň ykdysadyýetinde wajyp orny eýeleýärler.
Ýakut dili
Ýakut-türk dili rus dilinden soňra ikinji resmi dil hökmünde ulanylýar. Anadoly türk diline ýakyn bolan ýakut dilinde ulanylýan nakyllaryň käbirleri türk nakyllary bilen kybapdaşdyr. “Balyk başdan kokar” (“Balyk başyndan porsar”) nakyly munuň aýdyň mysalydyr. Türk dilinde hem edil şol manyda ulanylýan bu nakyl “Бил балык бакыттан сытыяр” görnüşinde gabat gelýär. Üstesine sanlar hem birmeňzeş diýen ýaly.
Derýalardyr köllere baý bolan Ýakudystanda gyşyna doňan kölüň üstünde gararaba goşulan sugunlar bilen aýlanmak oňat pişe bolup durýar. Ýakudystanda mamontlaryň we dinozawrlaryň daşa öwrülip giden galyndylary köp. Ýurduň iň bir wajyp alamaty – ölüp ýitip giden mamontdyr. Dünýäde ýeke-täk mamontlaryň muzeýi müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýakutsk şäherinde saklanyp galypdyr.
Ýakudystanyň gyş pasly.
Birnäçe kilometre uzap gidýän Nena derýasy gyşyna doly doňýanlygyna garamazdan, bahar paslynda onuň töwereginde salkyn howa bolýar. Ýurduň günortasynda awçylyk üçin uly bolmadyk çäk bar hem bolsa, arktiki sebitlerde adaty ertlerde polýar aýylaryny hem görmek bolýar.
Ýakudystanda agyr senagatdan daşary hem sütükleri gaýtadan işlemeklik kämilleşendir. Içki eşiklerden başlap ählisi ýüňden ýa-da moherdendir. Daşary galyň şubasyz çykyp gaty üşemän galjagyňyz ikuçludyr. Daşarda gezýän haýwanlara duşmak mümkin däl. Diňe galyň tüýli itler gezip bilýärler.
Köçelerde we meýdançalarda heýkeller buzdan edilendir. Sebäbi olar eremeýärler. Her bir etrapda gaz ýaşaýyş jaýlary boýunça paýlanylýar. Öýi ýylatmak üçin tölenýän hak ortaça aýda 180 lir.
Ýakutsk şäheriniň ilaty 500 adama golaýdyr, ol ýerde temperatura -75 çenli ýetip bilýär. Alymlaryň aglabasynyň şeýle şertlerde adamlaryň ýaşap bilmejekdigini tekrarlaýandyklaryna garamazdan, bu ýerde dogulan ýerli ýaşaýjylar jan berseler hem öz dogduk diýaryny terk etmejeklerini aýdýarlar.
Türk halky ýaly öz dogduk mekanyna ysnyşan halky Ýakudystanda görmek bolýar. Hat-da janlaryna howp salýan oňaýsyz şertler hem olary özleriniň bagry badaşan topraklaryndan aýra düşürip bilmeýär. Ähli şertlere uýgunlaşan halk öz ata Watanlarynda ýaşaýarlar. Bu şeýle hem bolmalydyr.
Terjime eden: Gurbannepes Jürdekow.
Saha (ýakut) türkleri we Ýakudystandaky durmuş
-
Nazarhann
3 years ago
- GYNANSAKDA MUSULMAN DÄLDÄ :(
-
wagt
3 years ago
- Siziñ musulmandygyñyz haysydyr bir ýakut gardaşymyzdsn artykmaçlygyñy görkezyämi? )
-
Nazarhann
3 years ago
- ARTYKMAC DIYEMOGA OU AKYLLY GORGULIM :) MEN NAME DIYYAN SEN NAME JOGAP BERYAN...
ALLA SANA AKYL PIKIR BERSIN. SHU AKYLYN BN SAYD GIRIP BILIANA SHUKUR SHONA :)
-
Wirus 1
3 years ago
- Musulman dälligine gynanýaňmy. O Nämäni üýtgetýä.mowzukda biderek teswir ýazypsyň.
soho 3 years ago- -75 :-0