Ähliňize salam! Gelin-gyzlarmyzy 8-mart baýramy bilen, tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ähli zenanlarmyz, gelin-gyzlarmyz uzak ýaşasyn!
Bugün hemme şat, açyk göwünler
Baýramyň şatlygyndan, ýaýraýar diller
Elimde siz üçin, gyzyl bägüller
Baýramyňyz mübärek, eziz aýallar(gelinler-gyzlar)
Ýüzüňizden her dem, şatlyk gitmesin
Baharyň keýpi, hiç terk etmesin
Aýralyk kalbyňyza, nesip etmesin
Baýramyňyz mübärek, eziz aýallar(gelinler-gyzlar)
Siz barsyňyz, bagta doldy bu älem
Siz gelnejem, siz ejem, biriňiz daýzam
Sizlersiz älemde, ýürekde näläm
Baýramyňyz mübärek, eziz aýallar(gelinler-gyzlar)
Awtor: Pälwan Akmyradow
Ejeme :)
Iň gözel ynsansiz durmuşumdaky.
Özgäni "gözelim" diýenim ýalan.
ÝekeTäk melikäm, saraýymdaky.
Baýramyňyz bilen, gözelim EJEM.
Ejeme(gyz doganyma :)
Ejem ýaly mähriban Aknur meň ejem.
Ýaşlygym ýatlaýan sizi her görsem.
Siz ýaly wepaly däl, maňa saýam hem.
Mübärek bolsun, size hem baýram.
Körpämize, uýajygym :)
Leýli gülüm yzyňda, saýaň bolaýyn
Dünýäden seň bilen, ýeke galaýyn
Seniň abraýyň üçin, meýli öleýin
Baýramyň mübärek bolsun, ýeketäk uýam
Awtor: Pälwan Akmyradow
8-Mart Baýramyňyz Bilen!
-
loveee_@
3 years ago
- spasibo
-
Yylgyn
3 years ago
- Sagbol kop kop_:))))_!!!!!
#Ailara
LUKMAN_GYZ 3 years ago- mlds posibooo