Aýal diýilýän zat-dünýäň diregi
Ayal diýilýän zat-ömrüň şahyry
Şondan ozal ýokmuş ýeriň ýüregi
Ol dünýäň ozaly
Hem-de ahyry

Aýal diýilýän zat howanyň bugy
Ýagyş diýilýän zat ýagmandyr bugsyz
Aýal diýilýän zat gözleriň ýagy
Göreç diýilýän zat
Görmezmiş ýagsyz

Aýal diýilýän zat Ýerdäki Taňry
"Aňry otur" diýip aýdylmaz Taňra
Ayal diýilýän zat bir ene gumry
Ýanyndan ýer bermez
Ikinji gumra

Aýal diýilýän zat seniň kemalyň
Aýala görädir erkegiň reňki
Aýal diýilýän zat seniň Aýalyň
Ol diňe seňki!
Ol diňe seňki!

Aýal diýilýän zat owadan ene
Döreder bagrynyň görküne görä
Gyzyny meňzeder öz enesine
Ogluny döreder
Erkege görä

Aýal diýilýän zat şu günki gyzlar
Ertirki eneler ýylgyrjak dişler
Ýylgyrmajak dişler "jąk-jäkli" bazar
Ýakalardan çykjak
Ak süýtli döşler.

Aýal diýilýän zat meň-de ykbalym
Ol çüýrän torraňňym.Ilkinji söýgüm
Aýal diýilýän zat-enem,ayalym
Agym,gülkim,ünjim,
Ömürlik bergim

K.Gurbannepesow.

Edebiýat, DeatH tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir