"Erkek sözüniň manysy näme üçin erkek diýildi" temasyna jogap
Düýn Mr. Writer agzamyz erkeklik hakynda birnäçe zatlary ýazypdyr, okanlaryma haýran galyp jogap bermek borjum hasaplaýan.
1. Erkek sözi edil bir erk sözünden gelenok, köne türki dillerinde "er" bolmak, doly we bütin bolmak, ýetişmek sözlerinden emele gelip "ek" at we sypat kiçeldiji goşulmasyndan emele gelen. Ek goşulmasyny biz başga sözlerde hem görýaris. Böwrek, ýüpek, goçak, menek, dalak köýnek we şm. Erk sözi hem başyny "er" den alýar.
2. Temanyň dowamynda hasam bulaşdyrýar we biziň aýal gyzlarymyz özlerini kiçeldilmegini gynansagam boyun alypdyrlar, hatta özlerini nämaniň kiçeldýänini "kategoriçeski" düşünenok. Mysal üçin; zenana erkek diýilmeýäniniň sebäbi olar özlerine erk edip bilmeýärmişin , syr saklap bilmeýämişin we şm. Tewsirçi gyzlar bolsa özleri hakynda nähili kiçeldiji zat ýazylanyna düşünmän awtory tassyklaýarlar.
Zenanlar siziň özüňiz özüňizi kiçeltmege itergi berseňiz ýaşaýyşda her wagt ikinji synp adam bolarsyňyz!!!
Edebiýat, yashalym tarapyndan 1 hour ago
Awtor men beýle maglumaty eşdemok, we öz ilden eşdişim boýunça size "DEŇEŞDIRME" täri arkaly beýan etdim, dogry düşünje çykararsyňyz diýip pikir edýän.
Meniň blogym!
Erkek adamlara erkek diýilmeginiň sebäbi barada size gysgaça maglumat aýtmakçy! Erkek adama erkek diýilmeginiň sebäbini bilmek üçin ilki "erkek" sözüniň manysyny bileliň. Erkek sözi "erk" diýen sözden gelip çykýar. Erk diýmek özüne erk edip bilýär, özüne özi jogap berip, ähli zat öz ygtyýarynda diýmekdir. Erkek adama "erkek" sözüniň berilmegi, özüne erk edip bilensoň berilýär.
Nämeüçin zenanlara erkek diýilenok?
Sebäbi zenanlar özlerine erk edip bilmeýäler. Durmuşda bolýan ýönekeý mysal, bir zenan beýleki zenandan täze bir habar eşidýär we ol 3-nji zenana habary aýdýar, şeýdip gep zenanlaň dilinden dile geçýär. Emma erkek beýle däl, olar gepi ýaşryn saklamaga ukyply, ýagny erkli, şoň üçin erk erkek bolýar!
Salam hormatly talyplar! Men bärde size Erkegi beýgeldip Zenany pes tutjak bolamok. Siz ýalňyş düşünmäň! Men deňeşdirme üsti bilen size ýönekeý durmuşdan alynan mysal blen suratlandyrmak isledim. Men bu mowzugymda diňe erkek sözüniň manysy barada öz eşdenlerimi beýan etdim.
Hormatly zenanlar, siz hem dogry düşüniň, men bu mowzukda sizi kemsidemok-da diňe "DEŇEŞDIRME" mysaly bilen getirdim! Ýagny zenan bilen erkek adamyň tapawutly tarapyny aýtdym we ERKEK sözüniň manysyny ilden eşdişim boýunça beýan etdim!
Hormat bilen Mr.WriTer!
@yashalym we @Tiko, agzalara jogap!
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Durmuşda bolýan ýönekeý mysal, bir zenan beýleki zenandan täze bir habar eşidýär we ol 3-nji zenana habary aýdýar, şeýdip gep zenanlaň dilinden dile geçýär. Emma erkek beýle däl, olar gepi ýaşryn saklamaga ukyply, ýagny erkli, şoň üçin erk erkek bolýar!
Ýenede bir zat, men bu ýerde gep sözüni agzamagym, durmuşda bolýan ýönekeý mysal, siz elbet diýbäňiz erkekleň aýaldan beter gep edýänlerem köp dogry aýdýaňyz, erkeklerem bar, emma men bärde erkege mahsus häsýeti mysal getirdim, durmuşdaky herbir zady mysal getiräýmek aňsat däl, şoň üçin diňe şul mysaly ulandym!
-
yashalym
3 years ago
- Hormatly Ýazyjy agza. Meniň size sözleriň gelip çykyşy barada maslahat berip biljek çeşmäm bar, şeýle çeşmäniň turkmen dilinde barlygyny bilemok, bilsemde net äleminde ýokdyr.
Www.nisanyansozluk.com . Dili türkçe ýöne biz hem türki dil gruppasyna girenimiz üçin türkmen sözler gaty kän. Gyzyldan gymmatly çeşme diýseň ýalan bolmaz. Sözleriň gysga we uzyn düşündirişi bar.
Ikinjisi erkek aýal tapawudynda; erkeler aýaldan köp erkli däl. Adam erkek dogylany üçin äpriori erkli dogylmaýar. Bu adamyň terbiýesi, harakteri we şm sebäplere bagly. Problema şu ýerde, erkek bilinde zadyny sallany üçin aýallardan erkli bolanok. Mysal üçin bir maşgalada heläkçilik bolup erkek adam aradan çyksa aýallaryň belli bir bölegi ikinji äre barmany, özi çagalaryna eýe çykyp ýaşaýyşyna dowam edýär. Edil şu ýagdaýa gaty güýçli erk gerek. Emma erkeleriň uly bölegi ýaşy ýaş bolsa hökman öýlenmek bilen bolýar, erk edip bilenok. Men bärde barmaly ba barmaly däl diýemok, ol başga tema ýöne şu zatlaryň hemmesine erk gerek. Sen şeýle diýip bilersiň; aýallar erkeklere gorä köp gepleýär. Munyň az kem dogry ýöňe ol hem kişä görä üýtgeýär, erkek hem aýaldan köp gepläp biler. Ýöne erk temasyny alamyzda aýal erkege görä erkliräk hem bolamasa.
-
Diospyros
3 years ago
- Aslynda erkek barmy bu dowurde we nirde!!?
Men erkek diýýanleriň kopisi heleýçe-de ýoga
Bu zamanda erkek ýaly zenanlar kopeldi erkek ýaly erkekler dalde
Erkekler erkek bolsa aýallar turkde hyzmatkar bolaýlary ýoklaý çagalaryn eklejek bolyp gorguller gor nirden çykdylar
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Hormatly agzalar, men siziň aýdýanyňyza düşünýän, ýöne men size ýene aýdýan men il arasynda eşden gürrüňimi beýan etdim, men hakyky erkegiň gürrüňüni edýän!
Diospyros siziň hem aýdanňyza garşy däl, elbetde indi zenanlar erkek boldy, indi öz jyns agzalaryny üýtgedip hem erkek hem aýal gatnaşyklaryny etýärler.
Dogry aýtýaňyz! Olar Allah tagalla düýpgöter garşylyk görkezdi, bu bolsa şolaň görmeli güni.
Bagyşlaň temadan çykmalyň!
Tiko 3 years ago- Meň temam däl ol pozulýa diýip açdym ony