Salam hormatly www.talyplar.com saýtynyñ mähriban agzalary! Ertiriñiz haýyrly bolsun! Gowumy ýagdaýlaryñyz? Bilshimiz ýaly, dinde günä, kanunda jenaýat — diýen adalga bar. Ikisi hem bir zatmy shularyñ?! Elbetde ýok. Ikisi bir zat bolmagam mümkin. Ýöne ýatda saklalyñ: bu iki sözi doly suratda derñäp, ensiklopediýa ýaly subutnamaly jogap berer ýaly men professor ýa akyldar däl. Ýöne shonda-da azajygam bolsa, shu iki sözi deñeshdirip görmegi özüme makul bildim. Geliñ indi bolsa, mysallarda deñeshdireliñ:
1. Bilkastlaýyn adam öldürmek — dinde günä, kanunda jenaýat;
2. Ogurlyk etmek — dinde günä, kanunda jenaýat;
3. Zyna etmek — dinde günä, kanunda jenaýat. Bellik: iki tarapyñ razylygy esasynda gizlin geçirilen jynsy gatnashyga (nikasyz) kanun nahili garaýar?!
4. Hapa paýysh sözleri aýtmak, diýmek — dinde günä, kanunda jenaýat ;
5. Tötänlikde (bilmezlikde, atdanlykda) adam öldürmek — din?! Kanun?!
Ine shu mowzuk barada pikir alshalyñ hormatly agzalar. Kim nähili pikirde?!
Hormatlamak bilen, Gurbanmyradow Ahmet.
25.02.2021, 7:05

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir