"Erkek sözüniň manysy näme üçin erkek diýildi" temasyna jogap
Düýn Mr. Writer agzamyz erkeklik hakynda birnäçe zatlary ýazypdyr, okanlaryma haýran galyp jogap bermek borjum hasaplaýan.
1. Erkek sözi edil bir erk sözünden gelenok, köne türki dillerinde "er" bolmak, doly we bütin bolmak, ýetişmek sözlerinden emele gelip "ek" at we sypat kiçeldiji goşulmasyndan emele gelen. Ek goşulmasyny biz başga sözlerde hem görýaris. Böwrek, ýüpek, goçak, menek, dalak köýnek we şm. Erk sözi hem başyny "er" den alýar.
2. Temanyň dowamynda hasam bulaşdyrýar we biziň aýal gyzlarymyz özlerini kiçeldilmegini gynansagam boyun alypdyrlar, hatta özlerini nämaniň kiçeldýänini "kategoriçeski" düşünenok. Mysal üçin; zenana erkek diýilmeýäniniň sebäbi olar özlerine erk edip bilmeýärmişin , syr saklap bilmeýämişin we şm. Tewsirçi gyzlar bolsa özleri hakynda nähili kiçeldiji zat ýazylanyna düşünmän awtory tassyklaýarlar.
Zenanlar siziň özüňiz özüňizi kiçeltmege itergi berseňiz ýaşaýyşda her wagt ikinji synp adam bolarsyňyz!!!
Edebiýat, yashalym tarapyndan 1 hour ago
Nirvana1 hour ago
Ýürejigim bola:)
Goldaýan👍
Nirvana1 hour ago
Siz meñ tanaýan yashalymymmy ýa-da bashga?!
Jupiter_Fire25 minutes ago
Gowy tema yöne hazi munam biri pozar :(
Ahmedik_9718 minutes ago
Tanayanynyz bolmagy ahmal. Beylekilerden bular yaly manyly tema chykmaz.
Tiko14 minutes ago
Bul tema pozulmaz ýalak täze tema edip açaýyn
Tiko3 minutes ago
Bul tema pozulmaz ýalak täze tema edip açaýynmy
yashalym1 minute ago
Açamaly ýöne kän bir komment bolmasa gerek:(
Yashalym agzaň temasy. Pozulýanlygy sebäpli açyldy.
-
Arzuwum
3 years ago
- bu tema açylanda men saýtda däl bolaýmasam habarsyz galypdyryn, zenanlar özüni kiçeltmelere boýun bolupdyrlar diýipsiňiz welin, menä bilmedim indi gyzlaram özlerini pes derejede görýän bolsalar diýere sözim ýok, ýöne men şu erkeklik barada biragyzdan ýekeje zady belläp geçesim gelýä, şu wagt maşgalany ekelmeli, saklamaly, edil ähli zadyňa däl käbir möhüm meseleleri alada etmek, çykalga tapmak erkegiň boýnuna düşýä welin şony indiki käbir erkekler başaranok, öýde gazanç edýän aýal, ähli zady alada edýän aýal, bütün gün işde işläp ýadap gelensoň öýüň işini etmeli hem aýal, oň üsdüne erkegiň gepini çekmeli hem aýal bolup galaýýa, hemme zady erkegiň ornunda durup aýal etmeli bolsa erkek nämä gerek men şoňa düşünemok, är boljak erkek bütün gün men erkek diýip öýüň törüni tutan bolup oturmalymy ýa bolmasa öýüniň içkiden içki jaýyna girip bukulyp ýatmalymy, erkekleriň erkekligi şumy?! Edil şu wagt aýal ýaly erkekleriň boluşy ýaly erkek ýaly aýallar bar!
-
yashalym
3 years ago
- Arzywum agza: okaýan teswirlerime görä ýaş gyzlaryň we aýallaryň uly bir bölegi özlerini nämäniň kiçeldýäňine düşünip hem baranok. "Heleýdirdä", "gyz bilen deň bolmasana", we şm sözleri ulanmagyň özi eýýam seksist we garşyňdäkini kiçeldiýär. Ol şuny diýmek bilen sen diňe aýal bolanyň üçin seniň akylyň mençe ýokdyr diýýär, "sen" hem kabul edýärsiň. Ýaşaýyşda erkekler hem aýallar hemme haklar we orun boýunça deňdir , birisiniň beýlekisini kiçeltmäge haky ýokdyr. Ýazgylarymyza dykkat etmeli, seksist sözleri ulanmaly däl. 2. Temaňa gelende; şeýle adamlar gaty köp, söz ýok. Ýaşaýyşda jübitleriň ikisi hem deň azap çekmeli , tapawudy ýok öýde bolsyn ýa işde. Şonda adalatly we dogry bolar. Öz goşandyny goşmaýan taýa parazit/mugthor diýilýär we parazitler halanmaýar. Şonyň üçin durmuş gurulmaka söýmekden hem beter onyň harakterini we endiklerini hemme taraplaýyn barlamaly. Bu iki tarap üçin şeýledir.
-
maksat00
3 years ago
- öýde gazanç edýän aýal, ähli zady alada edýän aýal, bütün gün işde işläp ýadap gelensoň öýüň işini etmeli hem aýal, oň üsdüne erkegiň gepini çekmeli hem aýal bolup galaýýa, hemme zady erkegiň ornunda durup aýal etmeli bolsa erkek nämä gerek men şoňa düşünemok
@Arzuwum, erkekler baradaky pikirñiz bn dubunden ylalaşmaýan. Erkegiñem, aýalyñam durmuşda öz orny bar. Ine men işimde köpūlenç önūmçilik zerurlygy sebapli meýletin gijañ ýarymna çenli artyk sagat işleýän name un, gun guzerany dolandyrmak un, çagalary eklap-saklamak un. Ýogsa ýeke başyma bolsam gerekmi maña. Dogry aýal maşgala oyuñ ahli işini edýar, nahar bişiryar, kirini yuwyar, oyleri arassalayar, bu işler olara mahsusamda. "Heleýdirda", "gyz bn deñ bolmasana" diyilýan bolsa zenan maşgalany kiçeltdigi dalde, mertebesini beygeltdigi diyip duşunyan ozuma.
-
yashalym
3 years ago
- Maksat00 "heleýdirda", "gyz bilen deň bolmasana" sözüniň düýbinde ýatan many, meniň düşünüşim boýunça we şeýleligine kepil geçip biljek: "sen özüňden kiçi synp bilen deň bolýaň". Serýozny garşydaş ýa bäsleşikçi şeklinde görmeýärsiň.
Mysal üçin özüňden pes fiziki şikesli bir adam bilen ylgamakdan ýarysýarsyň we ýeňýärsiň. Soň bolsa özüň ýüregiň awap özüňe "ýeňiläýinde, bu hem arasynda begensin" diýýärsiň. "Heleýdirdä" we şm meňzeş sözler hem edil şu ýagdaý ýagny garşyňdäkini özüňden pes görýärsiň.
Maşgala temasyna gelemizde asyl wajyplyk iki tarapyň hem deň azap çekmesidir, mümkinçilik bolsa elbette. Biri beýlekini süýremeli däl. Kä wagt arzuwymyň aýdyşy ýaly aýal daşarda işläp erkek işsiz bolýan wagty bolýar. Her kime iş tapdyraýarmy? Şonda erkegiň edip bildiginden goşandy bolmaly. Parazit ýaly öýde ýatyp işden gelen taýyndan hemme zada garaşmaly däl. Aýdyşlary ýaly" bolsam bolaýyn gul, öz öýümiň guly men". Erkek aýal tapawudy ýok.
-
Arzuwum
3 years ago
- agzalar, men näme diýsemem gaty görmäň, men näme aýtsam ähli zady, ähli kynçylyklary gözüm bilen görenim üçin ýazýan, şol ýokarda agzap geçýän meselelerim bolsa men ählisine özüm şaýat
Paris 3 years ago- Nury salam