Bu — men, dünýä getireni baharyň,
Bu — men, zyr dälisi goja jahanyň...
Asman dek kükredim kükrän mahalym,
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!

Ýakyny syladym, ýady-ha has-da,
Toýda aglamadym, gülmedim ýasda,
Garrap, tapdan düşdüm ýigrim bäş ýaşda,
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!

Arzuwa arzuwy sepläp ýaşadym,
Soňuny saýmadym — gepläp ýaşadym,
Kä kemsinip, käte “güpläp” ýaşadym,
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!

Dogrumy, ýalňyşmy — oýlamadym men,
Ýüregmi her kimsä paýlamadym men,
Islegmi gursakda jaýlamadym men,
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!

Hem tüssäni söýdüm, hemem gussamy
(Kim gördükä şeýle dertli hassany?!),
Kem-kem endik etdim ýüzüm asmany...
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!

Bir kagyza eýe, ýadamaz galam
bolmagy isläpdim...
Bolmady bulam!
Hemrama öwrüldi galp bilen ýalan,
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!


20.02.2021ý.


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir