On üç bilen on dört ýaşyň arasy,
Tözlenip galyşar, ýar, mämeleriň:
Örtenmekden gaýry bolmaz çäresi,
Gysymlap gyşarsam ak mämeleriň.
Gulman deý sallanyp,
sagynyp duran,
Husnuňa bent olar bir gezek gören,
Gunçalap, düwmeläp, täze uç beren,
Garaňkyda gardan ak mämeleriň.
Iki aşyk bir-birine bezm eder,
Çola ýere barsa, jany hezl eder,
Köýneginden çykaýsam
diýp azm eder,
Mutdaha bolanda, ýar, mämeleriň.
Sowsanmydyr, sünbülmidir
geýgeniň,
Elenen ak çäge bolsun oýnagyň,
Eda bilen göter elwan köýnegiň,
Bal bilen ýugrulan ýag mämeleriň,
Ýaşymyň soňunda taşladym gurra,
Nesip bolsa, garry gurda ýaş berre,
Kemine, armanyň galmasyn zerre,
Gulende titreşer, gyz, mämeleriň.
Kemine
Mämeleriň
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- (+)
-
Arzuwum
3 years ago
- ulgama.ru barsaň maňa ýazaýda, yektakdaki login, parolyňy ugratjak
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Arzuwum, mena ulgamda.ru saýta girip bilemok, diňe dostluk.ru bn ýürekdeşe girýän
-
Arzuwum
3 years ago
- yurekdeşe bar onda şol ýerde ýazyp goýjak
-
Zulfikarow
3 years ago
- Ýaşynyň soňunda Kemine görgüli obaň ýaş küntileriniň birini ýygnapdyr öýdýän? Birni köçeden ýygnap bilseň ol hem sogap....
yashalym 3 years ago- +++
/Ýolagçy/