Pelek, idär idim, sen duçar bolduň,
Gözümniň nurany – Azadym kany?
Ýüregim soguryp, seglere berdiň,
Şährimniň soltany – Azadym kany?
Ymamsyz galandyr, mesjit, mährabym,
Dogmady nur saçyp ol mahy-tabym,
Ýowuz galdym, sil alypdyr etrapym,
Köňlümniň ummany — Azadym kany?
Şekerlikden zäher boldy sözlerim,
Zagpyran dek sargarypdyr ýüzlerim.
Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim,
Münberim azany — Azadym kany?
Tört paslym nar boldy, daglar eridi,
Diriler uçdular, öli ýöridi,
Giden baryp haka maňlaý diridi,
Ilimniň zybany — Azadym kany?
Topraklar sil boldy, siller gum boldy,
Humlar jam boldular, jaýlar hum boldy,
Höwesler ýas boldy, pişäm gam boldy.
Ýüregim aramy — Azadym kany?
Ölüler direlip, arza bardylar,
Hakdan bir kelamny ýörüp sordular,
Çoh ýalbaryp, «goýber» diýip durdular,
Öli-diri döwrany — Azadym kany?
Käpirler bolupdyr ýyglap musulman,
Haka ýalbarypdyr Hydyr, Süleýman.
Bug bolup göterlen arşa ol umman,
Gökleňniň pälwany – Azadym kany?
Armanym ýok, pelek, bir söweş kylsam,
Ýa ýyksaň, basylsam, ýa seriň alsam.
Seglere aş eýläp, bazarga salsam,
Bagrymnyň reýhany – Azadym kany?
Güwşlüler eşitgeç, bary ker boldy,
Daglar eräp akdy, daşlar ýer boldy.
Mollalar kuransyz, pirler kör boldy,
Sahyplar kurany – Azadym kany?
Zemin ýüzün syýa duman eýlediň,
Diýgil, pelek, kimni aman eýlediň?
Pyragyny, bak, biiman eýlediň, –
Namysym, imanym – Azadym kany?
Azadym kany
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Gowy görýän goşgylarymyñ biri
-
Paris
3 years ago
- +++++
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Hemmanize minnetdar
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Kany diymek Hany diymekdir
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- Xmm ++gou goshgy like
Arslanova.L_05 3 years ago- Kany nam dimek