Taryhda hasaba alnan iň ýokary akyllylyk derejesi (IQ) zenanlara degişlidir.
* * *
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bütin uniwersitet derejeleriniň 60 göterimden köpüsine zenanlar eýedir.
* * *
Lhakpa Şepra atly zenan Ewerest dagyna 7 gezek çykyp, rekord goýmagy başarypdyr.
* * *
Dünýäde ilkinji zenan lukman Merit Rtah köne Müsürde biziň eýýamymyzdan öňki 2700-nji ýyllarda ýaşapdyr.
* * *
Ekwatora has ýakyn ýaşaýan zenanlar, köplenç, gyz çaga dogurýarlar.
* * *
Ilkinji professional beýzbol oýunçysy zenandyr, onuň ady Wirne Mitçeldir.
* * *
Ýaponiýada 1000-nji ýyllarda Murasaki Şikibu atly bir zenan dünýäniň ilkinji romanyny — «Genjiniň hekaýasyny» ýazan zenandyr.
* * *
Anterior singulat korteks, ýagny beýniniň karar berme mehanizmini barlag edýän bölekdir we ol zenanlarda erkek kişileriňkiden has uludyr.
* * *
Zenanlar erkeklere garanyňda, has köp gürleýärler. Geçirilen barlaglara görä, zenanlaryň her gün, ortaça, 13000 söz has köp aýdýandygy tassyklanyldy.
* * *
Hytaýly Zeng Zinlian taryhda hasaba alnan iň uzyn boýly zenandyr. Onuň boýunyň uzynlygy 2,48 metr bolupdyr.
* * *
Dünýä boýunça alnan maglumatlara görä, zenan maşgalalar erkek kişilerden ortaça, 5—6 ýyl uzak ýaşaýarlar.
* * *
Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bir zenan ýylyň dowamynda, ortaça, 120 sagadyny ýüz görülýän aýnanyň öňünde geçirýär.
* * *
Zenanlaryň beýnisiniň ýady 76 million gigabaýta barabardyr.
* * *
Zenanlary bagtly edýän zatlaryň biri ýanýoldaşlarynyň olara syryny açmagydyr.
* * *
Erkek kişileriň kalby bazar ýalydyr — gireni, çykany bilinmez. Zenanlaryň kalby gulp urlan gapy ýalydyr — giren yzyna çykmaz.
* * *
Yşk zenanyň gözlerindedir. Zenan söýenini gözlerinde saklar
Diňe zenanlar hakynda
-
Ahmedik_97
3 years ago
- 76 million Gb?!!
Nahili samsyklyk...
Adamyn yady ortacha 1 Pb chaklayarlar welin, senki bir hili oterak gechyan yalyla))
1 Tb=1000 Gb;
10 Tb=10 000 Gb;
100 Tb= 100 000 Gb;
1 Pb= 1000 Tb= 1000 000;
10Pb= 10 000 000 Gb;
76 Pb= 76 000 000 Gb... Yagny, 76 million Gb. Cheshmesi ynamdar bolmasa paylashman, halky, milleti aldaman!
@Ahmedik_97
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bellik: Bilmeyanler uchin:
Gb — Gigobayt;
Tb — Terobayt;
Pb — Petobayt.
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- Ahmedik_97 seniňkem dogrdudyr welin menem internetden aldym
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Akyllylyk derejesi zenanlara degishli bolsa name uchin akyldarlaryn, alymlaryn, professorlaryn, bashtutanlaryn we shuna menzeshlerin 90%-i erkekler, galan 10-i zenanlar?!... Yeri mundaky logika?!...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Mekan, dernap oz belliklerimi yazyanyma gaharyn gelyan daldira))
-
Ahmedik_97
3 years ago
- 17.02.2021 8:28
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- Ýok näme üçin gaharym gelsin aýal-gyzlardanam az dälä ýöne
-
loveee_@
3 years ago
- gaty gowy+++++
Arslanova.L_05 3 years ago- ++++like.120dal yilyn yarynam gechiryandirlai)