Günlerde bir gün Ependi goňşusyndan gazanyny diläp alypdyr. Birnäçe günden soň gazanlyk işi gutaransoň, onuň içine başga-da bir kiçijik gazan salyp, eýesine eltip beripdir.
Gazanyň eýesi muny görüp:
– Bu näme? – diýip, geň galyp sorapdyr.
Ependi:
– Gazanyňyz guzlady – diýipdir welin, goňşusy begenip, gazanjygy ur-tut garbap alypdyr.
Birnäçe günden soň Ependi goňşusyndan «guzlan» gazany sorapdyr. Goňşusy beripdir. Ependi gazany öýüne getiripdir. Eýesi köp garaşypdyr. Emma Ependi gazany getirer ýerde getirmändir. Birnäçe günden soňra gazanyň eýesi gelip, gazanyny sorapdyr.
Ependi:
– Seniň şol gazanyň öläýdi, bagyşlaweri! – diýipdir. Onda gazanyň eýesi:
– Heý-de, gazan ölermi? – diýipdir.
Ependi bolsa:
– Sen näme gazanyň «guzlanyna ynanýaň-da, ölenine şübhelenýärmiň? Dogrup bilen, ölübem biler ahyryn – diýipdir.
çeşme: www.ylymly.com
Dogrup bilen ölübem biler… (degişmejik)
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- Men paýlaşypdym @Yylgyn soň bozdum
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- @loveee ylymly.com-a taze girip bashladynyz oytyan
-
Yylgyn
3 years ago
- haa hawa Mekan sen yazypdynow
-
loveee_@
3 years ago
- Ýok öňem girip okaýadym
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- @Yylgyn şu nikdenem iki üç adam girýän bolmaly sen haýsysy ?!
-
loveee_@
3 years ago
- 1 nikden köp adam girse kyn bolýa
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- 1 nikden girýänler agza bolup bilenoklarmyka
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- da muni mekan paylashypdy hali++
Yylgyn 3 years ago- shu gunjik bir yerde ha okapdym yadyma dushenok 😊