Adamyň bir mätäç zady hoş sözdir,
Hoş söz aýdyň depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň ,dirikä sylaň,
Kim bilip dur,bir ýyldan soň giç bolar.
Gowa gowy diýiň entek dirikä,
Gerek ýerde ýyly bir söz güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň!
Kim bilip dur,bir aýdan soň giç bolar.
Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaberiň bir-biregi söz bilen,
Kim bilip dur,bir hepdeden giç bolar.
Kalby çoýuň,alkyş alyň adamlar!
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapdyranok bugün göreniň,
Şugün çoýuň,erte,mümkin,giç bolar.
Awtory:Berdinazar Hudaýnazarow.
Giç bolar
-
loveee_@
3 years ago
- gowy goshgy sagbolun paýlaşanyňyz üçin
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- Gow gowy diýiň entek dirikä,
a harpy galdyrypsyň
-
DeatH
3 years ago
- @Yazmamedow_Mekan sagbol +++-laryň üçin
-
DeatH
3 years ago
- @loveee_@ spasibo
-
DeatH
3 years ago
- @Yazmamedow_Mekan galypdyrda dos şol görmändirin
-
DeatH
3 years ago
- üýtgetdim dos ýazdym
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- ýalňyşsyz bolsun diýdimdeý menem
-
Yylgyn
3 years ago
- Gaty govy goshgy manyly
++++++
#Ailara
-
DeatH
3 years ago
- @yylgyn sagbol
Yazmamedow_Mekan 3 years ago- +++++