Söwer ýary görmekligem kyn boldy,
Dost haýsydyr,duşman haýsy bilmedim
Ajyz başym şum rakyba syn boldy,
Edep haýsy, erkan haýsy bilmedim.
Aşna bolmak her namarda aýypdyr,
Jan almaga jellat donun geýipdir,
Ak ýüzüne gara zülpün ýaýypdyr,
Gülşen haýsy, gülzar haýsy bilmedim.
Ozaly geýipdir gurmyzy gülüm,
Sähralarda biten sowsan, sümbülim,
Taýyndan aýrylan garyp bilbilim,
Gülmek haýsy, girýan haýsy bilmedim.
Bir gelin görmüşem geými dyzyndan,
Hiç hylap tapmadym aýdan sözünden,
Gujaklap boýnundan, ysgap ýüzünden,
Didar haýsy, dildar haýsy bilmedim.
Söwer ýardyr şirin jana azarym,
Şähdim budur, almakdadyr gazarym,
Diýer Şeýdaýy, saňa düşdi nazarym,
Iman haýsy, yslam haýsy bilmedim
11.02.2021ý 18:40
Bilmedim
-
Xyivenia
3 years ago
- Sps Arslanova
-
loveee_@
3 years ago
- gowy goshgy sagbol paýlashanyň üçin
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @xyivenia u r velcome
-
Xyivenia
3 years ago
- Arslanova dushunmedim
11.02.2021y 19:45
-
wagt
3 years ago
- Awtory yokmy bularyñ.?
-
Xyivenia
3 years ago
- @wagt agza indiki sapar awtoryny hem goyaryn in sonky bendinde yazan sahyryn ady bar diyip goymadym
Arslanova.L_05 3 years ago- +++like gou